Ylym

Ýaş alymlar geňeşi



“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş nesliň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýagny 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-17-ne Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi. Halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşige daşary ýurt döwletleriniň 26 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 50 sany, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak ylmy-taslama işleri hödürlendi.

Bäsleşigiň ilkinji gününde bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar. Soňra bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolowyň halkara bäsleşigine gatnaşyjylara gutlag sözi diňlenildi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän bu halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň açylyş dabarasynda daşary ýurtly hormatly myhmanlardan Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň rektory, professor H.Ýunusow çykyş etdi. Şeýle hem dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Ýusupow çykyş etdi we bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine üstünlik arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilýän ylmy-taslamalar bäsleşiginde daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ylmy-taslamalary diňlenildi we seljerildi.

Bäsleşigiň ikinji gününde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşige hödürlän ylmy-taslama işleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijeleri üç ugur boýunça jemlendi. Oba hojalyk taslamalary ugry boýunça I orna daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäş sany talyby, II orna on üç sany talyp, III orna on alty sany talyp mynasyp boldular. Bu ugur boýunça Twer döwlet oba hojalyk akademiýasynyň talyby Stepan Sokolow, Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň talyby Sabrina Sawelýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Bahar Berdiýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Bagtyýar Atanow, Çuwaş döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Nikita Gromow has tapawutly çykyş edip, I orna mynasyp boldular.

Halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň Işewürlik taslamalary ugry boýunça Başgyr döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Ýelena Abzalilowanyň, Ural döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň talyby Bagi Džalilowyň çykyşlary I orna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň IT – taslamalary ugry boýunça Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetiniň talyby Aşyrgeldi Ataýew, Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ozodbek Hematullaýew has tapawutlanyp, I orna mynasyp boldular.

Geçirilýän şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Serdar Berdiýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy





Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.

Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlygyňdyr rowaçlygyň gözbaşy bolan ylym-bilim döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan esasy ulgamydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz Watanymyz okgunly ösýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylym-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaş nesilleriň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borjy berjaý etmegi belent mertebe hasap edýän türkmen ýaşlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmek babatynda amala aşyrýan beýik işlerini özlerine nusga edinip, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda — ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik kärhanalarynda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ruhubelent zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýen taglymatyny öňe sürüp, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlaryň alyp barýan döredijilik işlerine, ylmyna-bilimine, ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandyna ýokary baha berýär.

 

 Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklar

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda jemi 23 sany ylmy we döredijilik gurnaklary hereket edip, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnagyň agzalary tarapyndan birnäçe ylmy-gözleg barlag işleri şeýle hem taslama işleri alynyp barylýar.

Hereket edýän ylmy gurnaklary:

  • -Ýaş dizaýner
  • -Zehinli binagär
  • -Ýaş awtomobilçi
  • -Ýaş awiakonstruktor
  • -Ýaş awiaaragatnaşykçy
  • -Gadam
  • -Ýaş işewür
  • -Ak ýollar – aýdyň ýollar
  • -Ussat programmist
  • -Ýaş matematikler
  • -English club
  • -Ýaş tehnolog
  • -Ýaş himik
  • -Ýaş elektroenergetikler
  • -Ýaş fizik
  • -Ýaş konstruktor
  • -Materiallaryň garşylygy
  • -Tehniki çyzuw
  • -Foresight naýigation
  • -Geljegiň ykdysatçysy
  • -Ýaş demirýolçy
  • -Ýaş wagyzçy
  • -Ezber eller

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň Ýaş alymlary tarapyndan ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda şeýle hem indekislenýän daşary ýurt žurnallarynda yzygiderli ylmy hem-de publistik makalalary çapdan çykýar. Mundan başga-da ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan çap edilýän ylmy ýygyndylarynda hem, ýaş mugallymlarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň ylmy makalary çap edilýär. Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary yzygiderli institutymyzyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderli Online görnüşi ylmy maslahatlaryna gatnaşýarlar.

 

 Ýurdumyzda geçirilen ylmy hem-de döredijilik bäsleşiklerde gazanylan üstünlikler

 

Institutymyzyň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda yglan eden ylmy işleriň bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar. 2023-nji ýylda yglan edilen bu bäsleşige institutymyzyň ýaş zehinli mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşdylar. Netijede baýrakly orunlara mynasyp boldylar:

  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Maýsa Atajaýewa I oruna mynasyp boldy;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy Orazmuhammet Durdyýew III oruna mynasyp boldy;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güýçgeldi Kerimow III oruna mynasyp boldy;

Mundan başga-da her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň sergi bäsleşiginde institutymyzyň Binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň 5-nji ýyl talyby Myratdurdy Garajaýew baýrakly III oruna, Landşaft dizaýny hünäriniň 3-nji ýyl talyby Maksat Myradow baýrakly III oruna mynasyp boldylar.

Ýaşlar ýurduň önümçilik pudagynyň döwrebaplaşmagyna, ykdysady kuwwatynyň artmagyna işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolup, sanly tehnologiýalara hem oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem döwrebap tehnologiýalara erk edýän kämil hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň ylmy innowasion, ruhy-medeni ugurlar babatdaky öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär, bu ulgama bilim bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwrebap pikirlenip bilýän, taslamalar babatda täze, özboluşly, täsirli garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler medeni ösüşi gazanmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler.


BITARAPLYK – BAGTYMYZ

Ylmy-usuly makalalar ýygyndysy

https://drive.google.com/file/d/1NC4ObvFwXQ1CIUX5N06Ewb2XbD7rt9rH/view?usp=drive_link


Esasy görkezijiler
3187
Talyplar
29
Hünärler
228
Mugallymlar