Hakaton bäsleşigi

«ARKADAG  şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hödürlenjek medeni dynç alyş toplumy» atly Hakaton bäsleşigini geçirmegiň

DÜZGÜNNAMASY

          Hormatly Prezidentimiziň ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňeltmek, şeýle hem bilim edaralarynda, hususan-da ýokary hünär bilimi edaralarynda talyp ýaşlaryň ukyp- başarnyklaryny аçmаk, olaryň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak üçin işläp taýýarlamalaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli olimpiadalary, bäsleşikleri yzygiderli geçirip durmak barada tabşyryklaryny durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2023-nji ýylyň 7-nji martyndaky №10/2163 belgili hatyndaky tabşyryklary ýerine ýetirmek maksady bilen «ARKADAG  şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hödürlenjek medeni dynç alyş toplumy» atly Hakaton bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

 1. Umumy düzgünler

 1.1 Düzgünnama   «ARKADAG  şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hödürlenjek medeni dynç alyş toplumy» atly Hakaton bäsleşiginiň maksadyny ony  gurnamagyň we geçirmegiň düzgünlerini kadalaşdyryjy resminamadyr.

  • 1.2 Hakaton döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilelikde gurnaýar;

1.3 Hakaton talyplaryň we ýaş alymlaryň, innowasiýa taslamalaryna ylmyň, önümçilik kärhanalaryň, kiçi we orta telekeçiligiň hünärmenleriniň ünsüni çekmäge ýardam eder;

1.4 Hakaton tebigy we takyk ylmlaryň çygrynda täze taglym-niýetleriň (ideýalaryň) döremegine we olaryň durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdançadyr. Hakatonyň aýratynlygy ol dürli kärlerdäki-dürli hünärli, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, hödürlenýän meseläni çözmek boýunça adaty bolmadyk täsin çözgütleri tapmaga ýardam edýär.    


  •  
  • 2. Hakatonyň esasy maksady

2.1 Ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmäge, dürli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini hem-de emeli intellektiň önümlerini döretmäge  höwesini we ylmy döredijilik ukyplaryny artdyrmak;

2.2 Ýaşlarda dürli programma üpjünçiligi önümlerini, taslama – konstruktorçylyk we dizaýnerçilik pikirleri döretmek hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça dürli kärlerdäki-dürli hünärli adamlaryň topary bolup bilelikde işlemegi öwretmek;

2.3 Ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.

2.4 Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň mundan beýläk intellektual    ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.

3. Hakatony guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1 Hakaton şu aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

Topluma girýän binalaryň taslamasyny, dizaýn modellerini düzmek;

Toplumyň inženerçilik işläp düzmeleri;

Topluma degişli programma önümleri we emeli intellekt;

3.2 Topluma girýän binalaryň taslamasyny, dizaýn modellerini düzmek ugry boýunça medeni dynç alyş, sport-sagaldyş binalaryň, seýilgäh zologynyň, we beýleki kommunikasiýa  serişdeleriniň masştaplaşdyrylan nusgalary, taslamalary we dizaýn modelleri hödürlenip biliner.

3.3 Inženerçilik işläp düzmeler ugry boýunça toplumyň sazlaşykly hereket etmegi üçin dürli tehniki gurluşlar we düzümler.

3.4 Topluma degişli programma önümleri we emeli intellekt ugry boýunça medeni dynç alyş toplumyň işini gurnamagyň dürli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligi hem-de emeli intellektiň önümleri hödürlenip biliner.


 

4. Hakatona gatnaşmagyň tertibi

 

4.1 Hakaton bäsleşige inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, dizaýnerçilik, konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli ýokary okuw mekdepleriň talyplaryndan, ýaş alymlaryndan we mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşyp bilerler. Topara gatnaşýanlaryň sany 5-den köp bolmaly däl.

4.2 Zerur bolan ýagdaýynda önümçiligiň we ylmy barlag edaralaryň işgärleri, telekeçilik guramalaryň wekilleri (2-den köp bolmadyk) toparyň agzasy höküminde gatnaşyp bilerler.

4.3 Hakaton bäsleşige her ýokary okuw mekdepden 2-3 topar gatnaşyp biler. Ýöne bir topara gatnaşýan adama ikinji topara gatnaşmaga rugsat berilmeýär. Gatnaşyjy toparlaryň her-biriniň öz baştutany bolmaly (5 adamyň biri).

4.4 Toparlar berilen ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin gerek boljak programma üpjünçiligi bolan kompýuterlerini we beýleki tehniki serişdeleri öz ýany bilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda sagat 08:00-da getirmeli.

4.5 Bäsleşige hödürlenýän işlerde gaýry awtorlaryň goşandy bar ýerinde salgylanmalar hökmanydyr.

4.6 Hakaton bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän toparlar https://forms.gle/ffoAb62Fvg5rjj8c7 ýa-da tituki.olimpiada.2022@gmail.com poçta salgysynda hasaba alynýar. Gatnaşyjylar we toparlar 2023-nji ýylyň 20-nji iýunyna, sagat 00:00-a çenli hasaba alynýar. Hakaton 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda sagat 09:00-da başlaýar we 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda sagat 17:00-da tamamlanýar.

4.7 Gatnaşyjynyň hasaba alnandygy baradaky maglumat hasaba alynmaga ýüz tutan tarapa ugradylýar.

4.8 Hakatona welaýatlardan on-laýn görnüşde gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.

 5. Hakaton bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

5.1 Hödürlenen taslamalary bahalandyrmagyň görkezijileri:

5.1.1 hödürlenýän taslamanyň programma önüminiň ylmylygy, amaly ulanyş mümkinçiligi (durmuşa geçirmek), we taslama berilýän düşündürişiň esaslandyrylyşy;

5.1.2 tehniki we tehnologiki çözgütleriň gutarnyklylygy, wajyplygy we täzeligi;

5.1.3 hödürlenýän taslamanyň özboluşlylygy, dizaýny we estetiki sypatlandyrylyşy;

5.2 Guramaçylyk topary ýeňiji diýip yglan ediljek taslamalary we toparlary kesgitleýär;

5.3 Iň gowy işler we taslamalar önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli edara-guramalara hödürlener;

5.4 Guramaçylyk topary iň gowy işleriň we taslamalaryň awtorlyk hukuklary bilen bagly patentleşdirmek işine ýardam berer;

5.5 Ýeňijiler I, II, III derejeli Diplomlar bilen sylaglanar;

       5.6 Hakatonyň dowamynda, dizaýn modelleri düzmek, dürli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini hem-de emeli intellektiň önümlerini döretmek boýunça aýratyn tapawutlanan uçurymlar, Guramaçylyk topary tarapyndan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlaryna işe kabul edilmäge hödürlener.

6. Hakaton bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

6.1 Guramaçylyk we bahalandyryş topary döredilýär, ol bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;

6.2 Bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;

6.3 Bäsleşige hödürlenen işleriň deslapky seljeriş işleri geçirýär;

6.4 Hödürlenýän işlere baha bermegiň görkezijilerini kesgitleýär we guramaçylyk-usuly ýardamlary berýär;

6.5 Ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.

REGISTRASIÝA üçin:    https://forms.gle/ffoAb62Fvg5rjj8c7

Esasy görkezijiler
3007
Talyplar
27
Hünärler
210
Mugallymlar