Ösüp barýan ýaş nesliň kämil hünärli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky alada halkyň ertirki abadan durmuşynyň binýady bolup durýar. Bilimli, hünärli nesil milletiň ýeten derejesiniň beýany bolup öňe çykýar. Ýaş nesiller bilimlerini kämilleşdirmek, hünär öwrenmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, durmuşyň täze gapysyny açýarlar. Öz çagalyk arzuwlarynyň çagyrýan dünýäsine uly höwes, hyjuw bilen girmäge, öňde duran basgançaklardan üstünliklere sary dyrmaşmaga, il-ýurt bähbitli işleri bitirýän hünärmenler bolmaga ymtylýan ýaşlar halkymyzyň umyt gunçalary, göz guwanjy bolup begendirýärler. Ak mekdebi tamamlanyňdan soň, ilkinji arzuwlaryň biri okuwyňy dowam etdirmek, ýagny talyp bolmakdyr.
Ýaşlaryň bilim hazynasyna eýe bolmak arzuwy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem üstünlikli amala aşýar. Ynha, ruhubelent, bagtyýar ýaşlarymyz 2023-2024-nji okuw ýylynda talyp bolmagy köňülde besläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryny tabşyrdylar. 23-nji awgustda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary tamamlandy. Bu jogapkärli möwsüme örän taýýarlykly gelen zehinli ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçmegi başardylar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň başlangyç orta hünär we umumybilim berýän mekdeplerini tapawutlanyp tamamlan uçurymlardyr halkara olimpiadalarda, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden ýeňijileriň bardygyny aýtmak has-da ýakymlydyr.
Täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Ýaşlara demir ýoluň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünäri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologik serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulgamynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berler.
Sanlyja günlerden «talyp» diýen ada mynasyp bolan ýaşlar okuw mekdepleriniň bosagasyndan buýsançly ätläp, täze güýç bilen bilimler dünýäsine gadam goýarlar. Bagtyýar ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde uly üstünlikleri arzuwlap «Ýoluňyz ak bolsun!» diýýäris.
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine getirmek babatda alyp barýan syýasaty geljekki hukukçylary taýýarlaýan mugallymlar üçin örän jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Biz hem hormatly Prezidentimiziň bu ynamyna jogap edip, ýaşlara bilim bermekde gijämizi gündiz edip, bar gujur-gaýratymyz bilen zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.