Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bilelikde bilim ulgamyny ösdürmek we zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara bilim bermekde okatmagyň usullary kämilleşdirilýär.
Bilşimiz ýaly, maý aýynyň 29-31-i aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ýylyň talyby” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik talyplaryň sportda, bilimde, medeniýetde, olimpiadalarda, döwlet we halkara gazet-žurnallarynda çykaran ylmy makalalary, oýlap tapyşlarda, ylmy işlerde gazanan üstünlikleri seljerildi. Soňra talyplaryň erkin çykyşlary diňlenildi. Institutymyzyň saýlama tapgyrynda geçen Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 4-nji ýyl talyby Atdaýew Ýazmyrat hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi. Atdaýew Ýazmyrat erkin çykyşda “Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar üçin döredilen mobil programmasy” atly ylmy işi bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, bäsleşigiň netijelerine laýyklykda talybymyz “Ýylyň talyby – 2024” bäsleşikde 3-nji orna mynasyp boldy.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga, bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlarynyň yzygiderli berkidilmegi bilen ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan işler Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür” diýip bellemegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň kämil nesillerdigini nygtaýar.
Bazargeldi Sapargeldiýew
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary
matematika”kafedrasynyň mugallymy