Pähim paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýylynda, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejesinde abraý-mertebesini, ykdysady kuwwatyny, halkyň asuda, abadan, bol-elin durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek üçin, geljegi nazarlaýan belent maksatly işlere amal edildi. Ýurdumyzyň çar künjünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Şu pursatda maňa-da Şa serpaýyna miýesser bolmak nesip etdi. Hormatly Prezidentimiziň karary bilen, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň dünýä nusgalyk şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanylan ýubileý medalyna we nyşanyna mynasyp boldum. Ujypsyzja zähmetim üçin berlen Şa serpaýy meni indiki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mundan beýlak-de gülläp ösmegi üçin ýaşlarymyzyň ata-babalarymyzyň mukaddeslikleri boýunça ýol-ýörelgesi esasynda, ýokary derejede bilimli, ylymly, başarnykly, maksada okgunly, döredijilikli zähmet çekmäge ukyply nesilleri ýetişdirmekde ukyp-başarnygymy, gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, hem-de ähli türkmen halkymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärin.
Jumagylyç Mämmedow
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň dosenti,
tehniki ylymlarynyň kandidaty