Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar uly ösüşlere eýe bolup, ýetilen sepgitler halkara derejesinde geçirlilýän sergilerde çykyş edýärler.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergiler zalynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” atly XXVIII halkara maslahatyň we serginiň dabaraly açylyşy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde nebit-gaz, ýangyç-energetika ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gazgeçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deň hukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” atly halkara sergä we onuň çäklerindäki XXVIII halkara maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Sergide ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde nebit-gaz ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklaýan diwarlyklar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň wagyzçy mugallymlary hem-de talyplary teleradio ýaýlymlary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň işleşip dürli mowzuklarda çykyşlar etdiler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.