Ýoluň ak bolsun, dalaşgär!

Ak mekdebi tamamlanyňdan soň, ilkinji arzuwlaryň biri-de okuwyňy dowam etdirmek — talyp bolmak. Ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan jogapkärli döwri ýetip geldi. Hawa, bu gün çagalykdan kalbynda beslän arzuwyna ýetmek isleýän ýaşlar ilkinji synaglaryny tabşyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätleýärler. Okuwa girmek isleýän ýaşlaryň sany geçen ýyldakydan az däl. Bu bolsa talyplyk şahadatnamasyny eline almak isleýän ýaşlarymyzdan iňňän uly taýýarlygy talap edýär, olaryň ýeňil bolmadyk synaglardan geçmelidigini aňladýar. Elbetde, «Bilimi zor talyp bolar» diýilýär. Ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrüň talabyny ödemekleri we tehnologiýalar dünýäsine içgin aralaşmaklary ugrunda döwletimizde uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan berilýän ylmyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylmyň-bilimiň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrüň talabyna esaslanýan täze hünärler döredilýär. Bu bolsa mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň göwün söýen hünärlerine ýykgyn etmeklerine, saýlap alan hünärleri boýunça kämil tejribe toplamaklaryna giňden ýardam berýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna barýan ýylymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň sany juda köp. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriniň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, dürli ulgamlarda işlemegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlaryň synaglara ykjam taýýarlanandygyny takyklajak, zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.

Kalbynda ýokary bilim almagy besleýän ýaşlaryň dürli ugurlardan bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça bilim alyp, ökde hünärmenler bolmagyna hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmalydyrys. Ýaşlarymyzda bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmaga höwes ýokary. Munuň şeýledigine resminamalaryň kabul edilýän häzirki jogapkärli möwsümde iş toparlarynyň hereket edýän ýerlerinde bolanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilim ojaklaryň ýany diýseň köp adamly. Welaýatymyzyň dürli ýerinden gelýän ýaşlar mekdepleriň ýörite bellenilen ýerlerinde goýlan diwarlyklar arkaly degişli bilim ojaklaryna kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşýarlar. Höwes edýän bilim ojaklaryna degişli hünär ugurlary boýunça resminamalaryny tabşyrýarlar. Şonda olaryň ýokary işjeňligine guwanýarsyň.

Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almak, hünär edinmek baradaky göwün maksatlaryna ýetmekleri üçin giň ýol açylyp, amatly mümkinçilikler döredilýär.


 

Mekan HAÝYTGULYÝEW,

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň talyby.