Ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlandy

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre geçirilýär. Raýatlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi hökmandyr. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň barha ösmegi, ulaglaryň sanynyň artmagy netijesinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin biziň zähmet çekýän gullugymyzyň öňünde uly wezipeler bar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak diňe bir sürüjileriň däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylaryň hem borjudyr.

 Indi asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk 1 — 30-njy sentýabr aralygynda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, edep-ekramly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli  Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommmunikasiýalary institutynda geçirilen duşuşyk Büzmeýin etrap polisiýa bölümi tarapyndan guraldy. Oňa talyp ýaşlar we  mugallymlar gatnaşdy.

 Ýörite düzülen meýilnama boýunça geçirilen duşuşykda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy.Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ömrümiziň rahatlygydygyny bellemek bilen, çykyş edenler talyp ýaşlara gymmatly öwüt-ündewleri, maslahatlary berdiler.

 Duşuşygyň maksady ýaş nesliň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmekden we olaryň düşünjelerini artdyrmakdan ybarat boldy. Onda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri talyplara köçe-ýol hereketiniň düzgündir kadalaryna eýermegiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Ýol-ulag hadysalaryň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleri, olaryň öňüni almagyň ýollary we herekete gatnaşyjylaryň borçlary, ýaş nesliň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, ýoldan geçilende hereket howpsuzlygynyň kadalaryna eýermek barada aýdylanlar ýaşlarda uly täsirleri döretdi. Şunlukda, her bir adam ýol hereketiniň kadalaryny pugta berjaý etmelidir. Sebäbi bu biziň jan saglygymyza, maşgalamyzyň dynçlygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip çykyş edenler nygtadylar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara jogaplar berildi.

 Çykyşlarda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.


Mekan HAÝYTGULYÝEW, 

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň  Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.