Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaşlary ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde buýsanja mynasyp işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň geçen ýylyň 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň üstünde aýratyn durup geçmek bilen, «Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, aýratyn bellemegi bolsa, bu babatdaky tagallalaryň has-da rowaçlanjakdygynyň dabaralanmasyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmagy bilen bagly edilýän tagallalar biz — talyplaryň watançylyk ruhumyzy has belende göterip, bilime, hünäre höwesimizi artdyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII nobatdaky gurultaýynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem mazmunynda berkarar Watanymyzda ýaşlar meselesine döwlet derejesinde iňňän uly ähmiýet berilýändigi bilen bagly tagallalar jemlenen. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek bilen bagly möhüm meseleleriň Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun almagy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Bu Kanun ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslaryny döwrebap kämilleşdirýär hem-de ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da berkidýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň birnäçe maddalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizilendigini bellemelidiris.
Döwletimiz ýaşlara uly ynam bildirýär. Sebäbi bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz hem-de bagtyýar ýaşlar uly bagta eýe boldy. Bu bagt eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp, söýüp ýaşamakdyr. Bu bagt ýaşlar üçin dünýäde iň uly baýlykdyr, mukaddes ýörelgedir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik başlangyçlaryň her birinde ýaşlaryň bähbitleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ýaşlara ähli zerur şertler döredilýär. Şoňa görä-de, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi bilen, ýaşlaryň döwrümiziň talaplaryndan ugur alyp, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýarys. Munuň şeýle boljakdygyna «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmeginde hem doly göz ýetirýäris.
Ýaşlaryň ähli babatda sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, gurmagy we döretmegi ugrundaky tagallalar üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.Goý, Türkmenistan döwletimiziň şöhratly geljegi, halkymyzyň bagtyýar ertiri üçin ýadawsyz alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Arslan HALYDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.