ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylmy-bilimlere bolan höwesini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 14-nji, 15-nji we 16-njy dekabry günleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň sanly bilim ulgamyna ornaşdyrylan programma üpjünçiligi arkaly Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ýokary guramaçylykly geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky 454 belgili buýrugynyň 3-nji goşundysyna laýyklykda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan 13 ders boýunça, aşakdaky sanawdaky talyplar gatnaşdy:

1. Türkmenistanyň taryhy - Halymowa Güljahan, Nuryýewa Hatyja, Gylyjow Babagylyç, Işangulyýewa Gözel (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Çaryýewa Gunça.

2. Türkmen dili - Rahmannazarowa Maýa, Mollaýewa Şirin, Arazgylyjowa Kümüş, Şükürbaýewa Aýnabat (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Akmämmedow Ýaran.

3. Rus dili - Ömürow Ýunus, Aşyrow Didar, Jumaýewa Aýlar, Rahymowa Sähra (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Gafurowa Mahbuba.

4. Iňlis dili -  Tosyýew Nurýagdy, Ýazow Timur, Azadow Rustem, Oraztaganow Ybraýym (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Muhammedowa Enejan

5. Matematika - Baýlyýew Ýalkapberdi, Baýramow Şöhrat, Andyýew Agahan, Bazarow Kemal (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Sapargeldiýew Bazargeldi.

6. Fizika - Baýramow Bezirgen, Annagurbanow Şatlyk, Nobatow Babamyrat, Annamow Agamaksat (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Hojalyýew Aman.

7. Himiýa - Akmyradow Nedir, Seýidowa Medine, Agamyradow Azat, Rozyýew Rozymyrat (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Gurdow Agajuma.

8. Ykdysadyýet - Seýidow Nazar, Borjakowa Arzuw, Jumagulyýew Aşyr, Agylow Orazgeldi (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Myradow Ýusup.

9. Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary - Atdaýew Ýazmyrat, Halykow Almaz, Jumaýew Allanazar, Halykow Kerwen (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Gurbansähedow Merdan.

10. Inžener grafikasy - Mokrousow Ahmet, Gaipow Nepesmyrat, Durdyýew Perman, Muhammedowa Jennet (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Ismailow Babageldi.

11. Nazary mehanika - Gylyjow Yhlas, Allaberdiýew Döwletgeldi, Merdanow Kasym, Nazarowa Akmaral (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Bazarow Arslan.

12. Materiallaryň garşylygy - Bazarow Pälwan, Durdyklyçewa Bahar, Atanow Bagtyýar, Hommadowa Aýlar (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Berdiýew Serdar.

13. Ekologiýa - Orazow Bähbit, Merdanow Hudaýberdi, Wepaýewa Laçyn, Babaýewa Ogulbossan (ätiýaç). Ýolbaşçy mugallym: Koýliýewa Ogulmiwe.

Döwlet bäsleşigine institutymyzyň ähli talyplary ýolbaşçy mugallymlaryň tutanýerli zähmeti we özleriniň yhlasly zehinleri bilen utgaşyklykda ýokary derejeli taýýarlykly gatnaşdylar we olar I, II we III baýrakly orunlary eýelär diýip umyt edýäris!


Babageldi Ismailow,

Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy

kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar

baýragynyň eýesi