Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary ösüşlere eýe boldy. Maglumatlaryň ýokary depginler bilen köpelýän, innowasion tehnologiýalaryň adamlaryň durmuşyna ýokary tizlik bilen aralaşýan döwründe bilim ulgamyna täze usullar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim, syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan gazanan ägirt uly ösüşleri we özgerişleri bu gün bütin dünýä ýaň salýar. Islendik döwletiň ýokary derejede ösmegi şol ýurduň bilim, ylym, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň kämilleşdirilişi bilen baglanyşdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” şeýle hem “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Açyk olimpiadasy geçirildi.
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik
grafikasy kafedrasynyň müdiri.