Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýeňişli menzillerini tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda, mähriban Watanymyzyň ösen döwlete öwrülmeginde türkmen ylmynyň gazananlary, ýeten beýik derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ylym hem bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ylmyň-bilimiň ösmegini gazanmak arkaly ýaş nesli kämil düşünjeli edip terbiýelemek, ulgamy dünýä ülňülerine laýyk getirmek esasy meseleleriň hatarynda goýlup, olar üstünlikli çözülýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň eçilen mümkinçilikleri hem ösüşleri bilen galkynýar. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ony dünýä tejribesine, milli ýörelgelere daýanyp kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan möhüm çäreleridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny täze döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
Bilimiň her bir ynsan üçin gymmatly baýlyk bolup, ol adamzady kämilleşdirýär, daşky dünýä düşünmäge ýol açýar. Ýurdumyzy mundan beýläk hem özgertmegiň beýik ýolunda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine gönükdirilen anyk wezipeleriň çäklerinde öňde goýlan ýörelgeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim almak, hünär öwrenmek täze eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň esasy maksadydyr. Ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin alan bilimlerini tejribäniň üsti bilen kämilleşdirmeklerine hem giň ýol açylýar. Ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ylym-bilimi ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen beýik özgertmeler bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim we hünär taýýarlygynyň ýokary bolmagyny, eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini şertlendirýär. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Şeýle-de ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bagtyýar çagalara, talyp ýaşlara zerur bolan okuw gollanmalarynyň elýeterliligini doly üpjün edýär. Şeýle uly ünsüň berilmegi mähriban ýaşlarda Garaşsyz döwletimize, özgerişli döwrümize hem-de şanly ýylyň şygaryna bolan çäksiz buýsanjy has-da artdyrýar.
Bu ugurda orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle dünýä dilleriniň ençemesi öwredilýär, dil öwreniş merkezleri hereket edýär. Dünýä dillerini öwretmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatymyz ýaşlaryň dünýä derejesinde köptaraplaýyn bilim almaklaryna gönükdirilendir. Türkmenistanda bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan sagdyn pikirli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesle kämil bilim, terbiýe bermekde okatmagyň yzygiderli hem-de ösen ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz öňünde tutulýar. Türkmen ýaşlarynyň şeýle kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize ýaşlaryň alkyşlary egsilmezdir!
Akmuhammet Temirow,
Jçeri işler mnistrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.