12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli yglan edilen ylmy bäsleşige Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.
Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän ugurlar boýunça geçirildi.
Bu bäsleşik ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak ýaşlaryň arasynda yglan edilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar.
Bäsleşige köp sanly gatnaşyjylaryň arasyndan 67-si ýeňiji boldy. Ýeňijilere Hormat hatlary, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde türkmen ýaşlary dünýäniň ylym-bilimini, ösen döwrebap innowasiýalaryny döwür bilen aýakdaş özleşdirýärler. Muny biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde yglan eden ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijileriniň içinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Maýsa Ýazmuhammedowna Atajaýewany (1-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy Orazmuhammet Durdyýewiç Durdyýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güýçgeldi Hangeldiýewiç Kerimowy (3-nji orun — telewizor) atlarynyň bolmagynyň netijesinde aýdyň görýäris. Zehinli mugallymlaryň we talybymyzyň bu günki gazanan üstünlikleri beýik ýurduň belent sepgitlerinden habar berýär. Çünki ösen döwletde ylym esasy orunda durýar. Ýeňşiňiz gutly bolsun, ýaş alymlar! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda okaň, öwreniň, dörediň! Çünki ýaşlar geljegi gurujylar hasaplanýar.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.