ÝEŇIŞLI ÄDIMLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň” Milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy beýleki ugurlar bilen bir hatarda, halkara derejesinde uly ösüşlere we özgertmelere eýe bolýar.

2024-nji ýylyň fewral aýynyň 27-den mart aýynyň 03-i aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Uniwersiadanyň düzüminde bolan, sportuň Boks görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda institutymyzyň “Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary” fakultetiniň “Inžener ulgamlary we torlary” hünäriniň 2-nji ýyl talyp türgeni Muhammet Babaýew üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, Muhammet Babaýew bu Uniwersiadanyň ähli tutluşyklarynda garşydaşlaryny “nokaut” bilen ýeňmegi başardy. Talyp türgenimize beýleki üstünlik gazanan talyplar bilen bir hatarda, 02.04.2024ý senede institutymyzyň “Dabaraly nyzamynda” rektorlyk tarapyndan “Hormat haty” we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Talyp türgenimiz şu günki güne çenli birnäçe ýerli we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, institutymyzyň hem-de ýurdumyzyň abraýyna goşant goşup gelýär. Muhammet Babaýewiň üstünlikleri bizi begendirýär, buýsandyrýar! Geljekde geçiriljek ýaryşlarda-da üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä tanatmakda uly goşant goşmagyny arzuw edýäris!


Babageldi Ismailow,

Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy

kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi