ÝEŇIŞLERE BESLENEN ÝARYŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda sport ýaryşlaryny döwrebap şertlerde geçirmäge uly üns berilýär. Ýeri gelende bellesek, ýokary guramaçylykda geçirilýän iri sport ýaryşlaryna türkmen türgenleriniň hem gatnaşmagy buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň çäginde guralýan sport ýaryşlarydyr, bäsleşikleri ýokary taýýarlykly türkmen türgenleriniň kemala gelmegine hem uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilýän ýaryşlara hem aýratyn orun degişlidir. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylmagy ählimizi diýseň begendirdi. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdebimizde 2024-nji ýylyň 10-12-nji ýanwary aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan talyplarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirmegi maksadalaýyk hasapladyk.

Bäsleşigiň dowamynda toparlaryň ýaryşa taýýarlygy we olaryň sporta we sagdynlyga bolan höwesi ünsüňi özüne çekýän ýagdaý boldy. Ähli sport ýaryşlarynda bolşy ýaly, bu sport çäresinde çekeleşikli ýagdaý höküm sürdi we ussatlar öňe saýlanmagy başardylar. Woleýbol ýaryşynyň dowamynda üstünlikli çykyş edip aýratyn erjellik görkezen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary baýrakly birinji orna mynasyp boldy. Baýrakly ikinji orna Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, baýrakly üçünji orna bolsa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ony dünýä tanatmakda we  halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemekde, türgenlerimiziň ýeňişlerine ýokary netijeli sportuň, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga zerur bolan şertleriň döredilmeginde uly tagallalar edýän Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Goý, türkmen sportunyň şöhraty mundan-da belent derejelere göterilsin!  

                                                                                           Merjen Hallyýewa,

     Ulaglar fakultetiniň1-nji ýyl talyby

Setdarberdi Rejepberdiýew,

 Institutyň sport klubynyň başlygy