Ýurdumyzyň binagärlik ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli peýdalanyp, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýakynda, ýokary okuw mekdebimiziň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň “Ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy” hem-de Demir ýol ulaglary fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy” hünäriniň talyplary bilen bilelikde Gökdepe etrabynyň Gorjaw obasynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşyklarynyň alnyp barylýan ýerinde göçme tejribelik okuwy geçirildi.
Bu tejribelik okuwynda talyplar döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi netijesinde döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, häzirkizaman şähergurluşygynda, ýollary we köprüleri gurmakda ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy barasynda maglumatlary aldylar. Esasan hem ýörite inžener-hünärmenleriň gürrüň bermeginde özboluşly gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak bilen bir wagtda ýurdumyzda häzirki döwürde seýsmiki howply zolaklarda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak, binalaryň we desgalaryň durnuklylygyny hem-de döwrebaplylygyny kesgitlemek boýunça yzygiderli geçirilýän işleri öwrendiler. Şeýle hem, talyplarymyza desgalaryň göwrüm-meýilleşdirme elementlerini düzmek, islendik desganyň ýa-da binanyň gurluşygy başlananda ilki bilen taslama — smeta resminamalaryny taýýarlamak, şeýle hem taslamagyň birinji başlangyjy bolan tassyklanan tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň we proýektirlemegiň wezipesine laýyklykda gurluşyk üçin meýdançany saýlamak we başga-da ýerine ýetirilmeli inžener-tehniki wezipeler öwredildi.
Şunuň ýaly döwrebap göçme-tejribe okuwlary mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.