Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi babatynda uly aladalar edilýär, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, ylym bilen önümçiligiň özara arabaglanyşygyny üpjün etmek hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen. Bu ugurda döredilen mümkinçilikler hem şertler öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmäge esas berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamyny kämilleşdirmek, dürli ugurlarda ylmy gözlegleri alyp barmak, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda ylmy işleriň geçirilmegini gazanmak esasy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ylym bilen önümçiligi sazlaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasynda ösdürilmegine esaslan täzeçil usullary ornaşdyrmak, ylmy-önümçilik binýadyny berkitmek, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri höweslendirmek ýola goýulýar.
Göwünlere ganat berýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz dürli ugurlarda belent sepgitleriň gazanylýan ajaýyp zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryndan gözbaş alyp, belent ösüşlere ynamly barýan eziz Watanymyz täze taryhy döwre gadam basdy. Bu döwürde innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş nesilleri bilime, ylma giňden çekmek boýunça anyk wezipeleriň birnäçesi öňümizde durýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri hem ylymdyr. Ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, ösüşlerden ösüşlere barýan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesliň ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryndan hem kämil baş çykarmaklary ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylmyň, bilimiň ýokary depginde ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli amal edilmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak işinde we şonuň netijesinde ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmakda, eziz ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädim bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täzeçe bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmaga şert döredýär.
Watanymyza, il-günümize wepaly, saýlap alan ugrumyz boýunça kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly, ajaýyp döwrümiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlar bolup ýetişmek üçin ähli zehinimizi, başarnygymyzy orta goýmak biziň — ýaşlaryň öňümizde durýan belent borjumyzdyr. Özümize bildirilen uly ynamy ödäp, halkymyza, döwletimize gerekli adamlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.
Arzygül GANDYMOWA,
Ulaglar fakultetiniň Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.