Ýaşlara uly ynam bildirip, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary döwletimiziň kuwwatly güýji, nurana geljegi hasaplaýan Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamyndan güýç alyp, ony ödäp, şöhratly zamanamyzda okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana janu-tenden hyzmat etmek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň baş maksadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bu ýyly täze başlangyçlardyr rowaçlyklara, belent watansöýüjilik ruhuna beslemek biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Häzirki wagtda bu nusgalyk işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri esasynda, döwrebap çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim edaralary dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Kämil hünärmenleri taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş alymlary goldamak baradaky alyp barýan syýasaty hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ykbalyna täsir etjek bu Kanuna gol çekilmegi biz — talyp ýaşlary hem diýseň buýsandyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň daşyna mäkäm jebisleşip, Watanymyzyň abraý-mertebesini arşa götermekde mynasyp goşandymyzy goşarys.
Toýly Rozymyradow,
Institutyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.