Ýaşlara hünär ýaraşýar

Ýaşlar — uly güýç. Olaryň bilimli, hünärli, ýokary watançylyk, ruhy ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir.

Beýik döwrümize mynasyp, ile-güne peýdaly şahsyýetleri kemala getirmek işine Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallym-hünärmenleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Her ýylda hünärler ojagymyzy ýaşlaryň ýüzlerçesi üstünlikli tamamlap, uly durmuşa ýollanma alýar. Olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edilýär.

Ýakynda hünärler ojagyny tamamlaýan ýaşlaryň toparyna döwlet synaglary başlady. Öz gezeginde, uçurymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza baky wepaly bolup, özleriniň ukyp-başarnyklaryny peýdaly işlere bagyş etjekdiklerini ynam bilen aýtýarlar we özlerine bilim-terbiýe beren, hünär öwreden halypalaryna hoşallyk bildirýärler. Hawa, inžener-tehnologlaryň hünärler ojagynda şeýle ýatda galyjy wakalar ýygy-ýygydan bolup geçýär. Munuň özi ýaşlara hünär öwretmek işiniň üznüksiz ýagdaýda dowam edýändiginden habar berýär. Häzirki wagtda institutda talyplaryň 3007-den gowragy dürli hünärleri höwes bilen öwrenýär. Olaryň aglabasy geljekde özleriniň ykballaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän ulag we kommunikasiýa toplumynyň kärhanalary bilen baglanyşdyrmak isleýär.

Hünärler ojagynda talyplaryň çuňňur bilim almaklary, göwün söýen hünärlerini ýokary derejede ele almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Okuw otaglary, ussahanalar zerur okuw-görkezme esbaplary, enjamlar bilen doly üpjün edilendir. Bu ýerde talyplaryň okuwdan boş wagtyny manyly geçirmegi, sport bilen meşgullanmagy, medeniýetli dynç almagy üçin giň mümkinçilikler we amatly şertler bar. Şol sebäpli ýaşlar hünär öwrenmek üçin şu ýokary okuw mekdebini höwes bilen saýlap alýarlar.

Häzirki günlerde talyplar döwlet synaglaryny tabşyryp, arzyly diplomlaryň eýeleri bolarlar. Ýaşlaryň täze topary bolsa bu hünär ojagyna okuwa girmäge taýýarlyk görýär. Şeýdip, hünär dowamaty dowam edýär.


 Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.