2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty ýurt baştutanynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndaky çykyşynda aýdyň beýan edildi. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini doly amal etmegine ýardam edýän mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.
Ýaşlary ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymlybilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda häzirki döwürde talyp ýaşlar aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyny bellemeli.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýe almaklaryny gazanmak üçin bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Talyplaryň alýan bilimlerini kämilleşdirmek, şeýle-de okadylýan derslere bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplere ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň sany günsaýyn artýar. Bu bolsa biz mugallymlaryň iş usullarymyzyň has-da kämilleşmegine, okuwçylar bilen gyzykly, täsirli sapaklary guramagymyza düýpli itergi berýär.
Ýurdumyzy ösen we kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy ýaş neslimiziň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryna, Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň ylym-bilim babatynda gazananlaryndan habarly we kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilikleri döredýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň häzirkizaman maglumat tehnologiýalaryny gündelik işinde işjeň hem-de netijeli ulanmagy başarmaklaryny üpjün edýär. Elbetde, ösüp gelýän ýaş neslimiz bilen Watanymyzyň bagtly geljegi berk baglanyşyklydyr. Okatmagyň täze usullarynyň bilim ojaklarynda ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy halkara tejribäniň öwrenilmegi okuw sapaklarynyň täsirliligini, netijeliligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Talyp ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň ornuna, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge, ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermäge, olary ylma-bilime höweslendirmäge, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri we syýasy partiýalar tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bilim berlişiniň hiliniň ýokarlanmagy işiň netijeliligini artdyrýar. Şunda zehinli talyplar öz döredijilikleri, taslama işleri bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler. Şeýle guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Biz hem bilimli, medeniýetli, edepli-ekramly ýaş nesli ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Watanymyza, halkymyza, ahlak ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.