Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa, ähli bilim edaralarynda ýokary hünär taýýarlykly mugallymlaryň wajyplygy ýüze çykýar. Ýurdumyzda mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlaryň öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň we borçlaryň biridir.
Ösen intellektual jemgyýeti kemala getirmekde, talyp ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, olaryň öz işine ökde, sowatly, tehnologik ulgama girişmäge, ylmy-tehniki ösüşleri aňly-düşünjeli kabul etmäge ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeginde esasy orun bilim edaralaryna degişli bolup galýar. Diýarymyzda ýokary okuw mekdepleriniň işiniň düýpgöter üýtgedilip guralmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we ruhy intellektual ösüşini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň berk binýadynyň, ilkinji nobatda, ylma we jemgyýetimiziň bilim mümkinçiliklerine bagly bolup durýandygyny bellemek zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara diýseň baý boldy. Ýatda galyjy wakalaryň biri hökmünde eziz Watanymyzyň binagärlik, senagat, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilýär.
Inžener-tehniki hünärli talyplaryň döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejede taýýarlykly hünärmenler bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende göterip, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kafedralary we okuw otaglary ylmyň soňky gazanan üstünlikleri bolan tehniki enjamlar bilen üpjün edildi, inžener-tehniki hünärli talyplar dünýäniň täze gazananlaryndan habarly bolup, döwrebap bilim alýarlar. Şeýle hem olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak üçin talyplar bilen tejribe hem-de amaly okuw sapaklary yzygiderli guralýar. Talyplar halkara, döwlet we ýokary okuw mekdepleriniň çäginde guralýan ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna hem-de medeni-köpçülikleýin çärelerine işjeň gatnaşýarlar we ýokary netijeleri gazanýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda geljekde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, obalarynda täze ajaýyp binalaryň, şol sanda bilim edaralarynyň yzygiderli guruljakdygyny belläp, yhlasly zähmetiň netijesinde eziz Watanymyzyň has-da gözelleşýändigini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde abraýynyň dünýä dolýandygyny aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde nesil terbiýesine, millilige we ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim almagyna ünsi çekip, bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmegiň zerurdygyny, mundan beýläk hem öňdebaryjy sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, sanly ulgamy netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilmelidigini nygtady. Bu tabşyryklary durmuşa geçirmekde biziň her birimiziň aýratyn goşandymyz bolmalydyr. Munuň özi biziň jemgyýetimiziň ösüşini, Watanymyzyň, halkymyzyň ykbalyny, bagtyýar geljegimizi kesgitleýän möhüm şertlerdir. Pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen kämil ahlak gymmatlyklarynyň mizemez mekdepdigine ünsi çekip, alym Arkadagymyz gadymy daş ýazgylaryna pederlerimiziň jöwher zehininden dörän gymmatlyklaryň, milli ruha, pelsepä ýugrulan wesýetleriň, paýhasly öwüt-ündewleriň siňdirilendigini aýtdy. Bu bolsa inžener-tehniki hünärli bilim alýan talyp ýaşlaryň ylym-bilime bolan teşne kalplaryny has-da joşdurýar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw dersleriniň okadylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryna häzirki zaman umumy-amaly hünär endikleriniň öwredilmegi, ökde, ukyply, ezber ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ýardam berýär. Okatmagyň we bilim bermegiň usullarynyň sanly ulgama geçirilmegi, maglumat hem-de elektron serişdeleriniň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy, bilim işgärleriniň bu ulgamdaky täzelikleri öz iş tejribelerine üstünlikli ornaşdyrmaklygyna, bilim berlişiň hil derejesiniň kämilleşmegine itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyndaky döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan talyplaryň ylym-bilim, terbiýe-hünär almaklary eziz Watanymyzyň aýdyň geljegine bolan ynamdan nyşandyr. Döwlet tarapyndan aýratyn üns bilen gurşalan ýaş nesil bilen işlemek üçin bilim işgärlerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim işgärlerine döredilen mümkinçilikler, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň sazlaşykly alnyp barylmagy, tejribe toplamak ukyplaryny kämilleşdirmäge gönüden-göni özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Döwletiň berk binýady we kuwwaty, ähli ösüşleriň badalgasy bolan bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Goçmyrat Hezilow,
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.