Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-komunikasiýalar institutynda ýaşlary telekeçilige çekmek barada brifing duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda hususy telekeçiligiň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşantlary barada aýdylyp geçildi. Türkmenistanda ýaşlaryň telekeçilik we maliýe sowatlylygynyň artdyrmak üçin öňde goýlan maksatlar barada TSTP-nyň agzasy, telekeçi Rahymberdi Kerimow gürrüň berdi.
Ähli işlerde boluşy ýaly, telekeçilikde-de resurslary dogry we tygşytly ulanmak üstünlige gidýän ýolda zerur mesele bolup durýar. Resurslaryň iň ähmiýetlisi bolsa wagt. Sebäbi wagt yzyna dolandyryp bolmaýar, öwezini dolup bolmaýar, diýip R. Kerimow nygtady.
Şeýle-de institutyň professor-mugallymlary talyplary geljekki hünärlerine taýýarlamak boýunça döredijilikli zähmet çekmek barada öz pikirlerini beýan etdi.
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Naskuliýew partiýanyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Bu institutyň ýaşlaryny maýa goýum taslamalary bilen partiýanyň gurnaýan “Ösüşe ak ýol” atly maslahatlaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň öňünde goýlan ýaşlary telekeçilige çekmek baradaky wezipelerinden ugur alyp geçirilýär. TSTP ýokary okuw jaýlary bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar we ýaşlary telekeçilige çekmek barada giň gerimli işler alyp barýar.
Çeşme Aşgabat.in internet portaly