Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynda hem-de olaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynda, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň hyzmaty örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda:«Okamak, öwrenmek, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmek, adamzadyň Asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny kalbyňda jemlemek ýaly asylly maksatly ýaşlarymyz biziň guwanjymyzdyr we buýsanjymyzdyr » diýip belleýär. Diýmek, Ýaşlar — Watan daýanjy, ýaşlar — bagtly geljegiň kepili. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim-terbiýe berlişiniň ýokary derejesini gazanmak ösüp gelýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge gönüden-göni dahylly bolan her bir bilim işgäriniň alyp barýan işiniň esasyny düzýär. Döwür bilen deň gadam urmak, ýaşlar, ýaş nesiller bilen geçirilýän işleriň hil taýdan çuňňur mazmunly hem-de täsirli bolmagyna üns bermek, olara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak mugallymlardan işjeňligi, hünär taýdan kämilligi talap edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa munuň üçin ähli şertler bar.
Türkmenistanda dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bu ugurda anyk netijeleri gazanýar. “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň ulanyşa berilmegi, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gazgeçirijisiniň işe girizilmegi, hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygynyň dowam etdirilmegi gazanylýan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerleşendigi nazara alnyp, multimodal gatnawlaryň netijeliligini üpjün edýan iri ulag- logistika merkezleri döredilýär, milli ulag ulgamy halkara ulag kommunikasiýasyna işjeň goşulýar, ýol-ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylýar we ulag görnüşleriniň her biriniň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýan sazlaşykly ulag ulgamy kemala gelýär.
Karimi Abdul Kahar we Şaker Saýed Ahmad Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 5 ýyl owgan talyplarynyň ýürek buýsançlary:
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplar bilen geçýän her bir göçme sapaklarymyzda ylmyň innowasion usulyýetinden peýdalanýarys. Ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen bilim portaly döredildi. Bu bilim portalynda diňe bir okuw mekdebimiz barada giňişleýin maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem, onuň üsti bilen talyplar özleriniň okaýan derslerine degişli mugallymlaryň wideoýazgyly sapaklaryny peýdalanyp bilýäris.
Biz Owgan talyplary türkmen talyplary bilen bile okap, ulag ulgamynyň dürli ugurlarynda bilim alýarys. Biz muňa has buýsanýarys, begenýäris. Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklar dowam edýar. TIT we UKI-da “Awtomobil ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynda degişli “Awtomobiller we Awtomobil hojalygy” hünariniň talyplary bilen bile (2017ý) baş ýyl okap gelýas. Okaýan döwrümizde talyplar bilen mugallymlar ýakyn gatnaşykda bolduk. Olaryň mililigini sarpa goýduk. Türkmen tahýasyny we talyp formany uly buýsanç bilen geýdik. Okuwa ýetişigimiz hem gowy. Mugallymlar hem bize yhlas bilen öwretdiler. Türkmenistan döwletinde bize talyp haky hem tolendi. Biz şeýle ajaýyp döwletde bilim alýandygymyza buysanýarys. Biz şu ýyl uçurym bolmaly. Biz ýöne gowy öwrenşdik. Talyp dostlarmyzdan we bilim alan ajaýyp institutymyzdan koşk ýaly ýaşan umumy ýaşaýyş jaýymyzdan gözel şäherimiz Aşgabatdan aýrylasymyz hem gelenok. Umumy ýaşaýyş jaýynda hem bileje bolýas. Bu günler biziň ykbalymyzda ýatdan çykmajak pursatlar bolar.
Alan bilimlermizi watanmyza baryp, watanmyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde mynasyp goşandymyzy goşarys.
Biz Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň gündelik özgerişleriniň şaýady bolýarys. Bu bolsa bize Watansöýüjiligi, ynsan perwerligi asudalygy agzybirligi mundan beýläkde ösdürmege höwes döredýar.
Karimi Abdul Kahar Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 5 ýyl owgan talypbynyň ýürek buýsanjy:
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň parasatly daşary syýasy-strategik ugry bilen dünýa bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli durmuş-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we beýleki ugurlarda işjeň gatnaşyklary guraýar. Hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň Senagat we kommunikasiýa toplumyny ösdürmek, ulaglar düzümini düýpli we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatynda giň göwrümli işler alnyp barylýar. Ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda”, “Ulag howpsyzlygy hakynda”, “Demir ýol ulagy hakynda”, “Magistral turba-geçiriji ulag hakynda”, Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmegi mähüm ädimleriň biri boldy. Owgan hökümeti TOPH gaz geçirijisi boýunça ýakyn wagtda işe başlajakdygyny mälim etdi. Bu barada Owganystanyň Primýer ministriniň birinji orunbasary molla Abdull Gani Baradaryň sözlerine salgylanyp owgan habar beriş serişdeleri mälim etdi. Baradar turba geçirji üçin ýer satyn almakda käbir kynçylyklaryň bardygyny ýöne indi olary çözmek üçin tagalla edilýändigini, ýer alandan soň Türkmenistan-Owganysytan-Pakistan-Hindistany gurmak boýunça amaly işleriň boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem Owganystanyň magdan we nebit Delowar gazyň bahasy we mukdary barada gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy diýilip habarlarda beýän edilýär. Haryt sebitlerinim, hususan-da senagat zolagyny gazlaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy we oňňyn ädimler ädildi diýip, “Tolo News” Delobaryň sözlerini getirýär. Uzynlygy 1814 km barabar we ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz kuwwaty bolan TOPH gaz geçirijimiň geçirijiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň çäginde başlandy. Hünärmeniň pikiriçe bu gaz geçirjisi Aşgabat şäherinde gaz eksportyny diwersifikasiýa etmegäge, Kabula iň ýiti sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berer we Yslamabat bilen Deli-de energiýa ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga şert döreder “diýip , owgan talyby Abdul Kahar buýsanç bilen belleýär.
Hormatly Arkadagymyz “Ýurdyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin, ilki bilen, bilimli, ruhy baý, maksada okgunly, sagdyn pikirlenmäge ukyply Watana wepaly kämil nesil kemala getirmeli” diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikler döredýär. Biz mugallymlar şol mümkinçiliklerden buýsançly peýdalanyp ýaş nesillermizi hünärine ussat edip ýetişdirjekdigimizi, haýsy döwletiň raýary bolsada Watana wepaly duygularda terbiýelejekdigimizi şu pursatda ynandyrýarys.
Döwlet Baştutanymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly-bilimli, zehinli hem-de berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin döredip berýän şertleri biz bilim işgärini we talyp ýaşlary begendirýär, buýsandyrýar. Munuň üçin olar hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.
Oguljan Seýliýewna Aýnazarowa Ulaglar fakultetiniň uly mugallymy