Ýaşlar Siziň bilen Arkadagly Serdarymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biziň — ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegimiz ugrunda uly aladalar edilýär, ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlarymyz üçin mynasyp geljegi gurmak, olaryň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, işlerimizi döwrebap şertlerde guramak örän ähmiýetlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem, inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň sanly işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy gazanmak, inžener-tehnologlaryň işini döwrebap görnüşde guramak, önümçiliklerde we ulag-kommunikasiýa ugurlarynda adama ýeňillik döredip biljek mümkinçiliklerini giňden ulanmak arkaly işläp taýýarlamalara ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek öňümizde durýan möhüm wezipelerdir. Ýeri gelende aýtsak, bu işleri amal etmekde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi hökmünde ýurduň ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem ýaşlary goldamaga, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny tapmaga gönükdirilen döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda bu ugurda maddy-tehniki binýady berkidýän çäreleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, degişli kanunlar, maksatnamalar, konsepsiýalar kabul edilýär.

Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda bolup geçen gurultaýynda hem giňişleýin aýdyldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn zehinleriniň taplanmagy, işjeňlik sypatlarynyň kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýerden däldir. Ýaşlaryň hatarlaryndan hormatly Prezidentimiz ýaly beýik şahsyýetleriň saýlanyp öňe çykmagy buýsançly başymyzy Göge diredýär. Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar.

Geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýän bolsa, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýagty ertirlerimiziň eýelerine bildirilýän uly umytdan hem-de ynamdan nyşandyr. Munuň özi ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmagy, olaryň watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, zähmetkeş halkyň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagy, ýaşlar bilen duşuşyp, degerli maslahatlaryny, tekliplerini bermegi depämizi göge ýetirýär. Milli Liderimiziň döredýän ajaýyp eserleri bolsa işlemäge, okamaga ruhy güýç berýär. Türkmen halkynda beýik söýgini, synmaz ynamy döreden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Peder ýoluny ýöredýän Arkadagly Serdarymyza belent maksatly täze tutumlarynda egsilmez rowaçlyklary arzuw edýäris.

 

Ogulbagt TÖLEWOWA,

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.