Ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem sagdyn jemgyýeti, sagdyn nesli kemala getirmekde uly işler amala aşyrylýar.
Bu günki günde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine, öz başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine ähli şertler bar. Şonuň üçin hem ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar, röwşen geljege ynamly barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip nygtady. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Onda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Nygtalyşy ýaly, ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu gurama bilen bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi toplandy. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyl «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary, oňyn garaýyşlary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz BMG-niň bilimiň bütin dünýäde ösdürilmegine we ýaşlar bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda bilimiň hilini we ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik
grafikasy kafedrasynyň müdiri.