Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň ösen häzirkizaman jemgyýeti bilen aýakdaş gitmegi, bu babatda ähli ulgamlar boýunça döwrüň ösen talaplaryndan baş çykarýan dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryndan habarly bolan tejribeli hünärmenleri ýetişdirmek, kompýuter tehnologiýalarynyň innowasion gazananlaryny halkymyz üçin elýeterli etmek barada uly tagallalary edýär.
Ýaşlaryň bilimli, hünärli, ýokary watançylyk, ruhy ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär.
«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. Ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almakda hem-de çözmekde dialogyň möhüm ähmiýetine düşünmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegine şert döreder.
Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýa, oba hojalygy, maliýe-bank ulgamynda we beýleki pudaklaýyn ugurlarda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günlerimiz, aýlarymyz bir-birinden zyýada gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir», «Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýen sözleri türkmen ýaşlarynyň diliniň senasyna, durmuşyndaky ýörelgä öwrülip, olary nurana ertirlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara ähli babatda göreldedir. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçiliklerdir ähli döwrebap şertler döredilýär. Bu bolsa ýaşlary täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaşlarymyzyň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy we dürli döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň geçirilmegi olaryň giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde döwlet derejesinde uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly bolmak, Watan, halk bähbitleri üçin göreşmek, halal zähmet çekip ýaşamak, işlemek, döwrebap adamlar bolup ýetişmek ýaşlaryň durmuş ýörelgesidir. Bu günki günde türkmen ýaşlary hormatly Prezidentimiziň hut öz göreldesi esasynda kämillige ymtylyp, beýik işlere baş goşmaga çalyşýarlar.
Okamaga, öwrenmäge ähli şertleriň döredilmegi biz — ýaşlarda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, mähriban halkymyza bolan söýgini has-da artdyrýar. Goý, döwletli döwranymyzda ýaşlar barada atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Akmuhammet Temirow,
Jçeri işler mnistrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.