Ýaşlar bilen öňe barýar Watanym

Şanly-şöhratly senelere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýzüniň ilkinji güni türkmen biliminiň taryhyna täze sahypa ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda hut şol günde bolup geçen wakalar ýaşlaryň bagtly geljegine gönükdirilen işleriň ajaýyp beýany boldy.  7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen hoşallyk maslahatynda şular dogrusynda buýsançly söhbetler edildi.

Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýan ýaşlar hakdaky alada berkarar Watanymyzda hemişe döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirilip gelinýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy ady bilen täzeçil işlere badalga beren täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar. Ýaş nesiller ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty nesillerimiziň geljekde ruhy-medeni hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna itergi berer.

Ýaşlar — jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy. Ýurdumyzda ýaşlar üçin mümkinçilikleriň ähli gapysy açyk. Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy baradaky giň gerimli aladalaryň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, olaryň kabul edilen hem-de hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaşlaryň röwşen ykbalyna gönükdirilen ýörelgelere esaslanýandygy has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigini subut edýär.

Agzybir halkymyz, esasan hem ýaşlar ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarda sazlaşykly ösüşi üpjün etmek üçin mynasyp zähmet çekip, uly goşantlaryny goşmagy özleriniň il-ýurt öňündäki perzentlik borçlary hasaplaýarlar. Ýaşlarda ruhy we medeni gymmatlyklarymyza laýyklykda, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek aladasy milli maksatnamalarymyzda şöhlelenýär. Biz, ýaşuly nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, ata-baba dowamat-dowam bolup gelýän döwletli ýörelgelerimizi, halallyga çagyrýan dessurlarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge, görüm-görelde görkezmäge borçludyrys. Biziň wezipämiz Watanyň abadançylygy, ýurduň ähli raýatynyň aladasy bilen dem alýan Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň manysyny ýaş nesle düşündirip, olarda Watana, il-güne söýgini terbiýelemekden, olary beýik şahsyýetlerimiziň nusgasynda, döredijilige, bilim alyp, beýik işleri durmuşa geçirmäge ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Jemgyýetimizde kämil ruhy ýörelgeleri bina edip, ýaş nesli beýik ösüşleri gurujylar edip terbiýelemekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.