Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli tutumlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Çünki biziň ýurdumyzda Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini doly amal etmegine ýardam edýän mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.
Ýaşlary ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymlybilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyny bellemeli.
2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýyl Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanmagynyň alamatyna öwrüldi. Bu bolsa döwlet syýasatynyň özboluşly ugry hökmünde ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini giňden açmagy, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini nazarda tutýar. Ýaşlaryň döwlet derejesinde jemgyýetçilik wezipeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, bu nesliň wekilleriniň ýurduň ösüş-özgertmelerini döwrebap derejede mynasyp dowam etdirmekleri üçin zerur şertleri ýola goýmak maksatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda möhüm işleriň hatarynda kesgitlenilýär.
Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň talyplarynyň arasyndan ylym-bilimde halkymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, mugallymlarymyzy begendirjek, Watanymyzyň abraýyna abraý goşjak, bilim bäsleşiklerinde ýokary üstünlik gazanjak ýaşlaryň çykjakdygyna pugta ynanýaryn. Çünki hormatly Prezidentimiziň nesillerimiziň geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli, halal, sagdyn adamlar bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri biziň kalbymyzda türkmen ýaşlarynyň belent sepgitleri eýelejekdigine çuňňur ynam döredýär.
Ýaş raýatlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň ornuna, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge, ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermäge, olary ylma-bilime höweslendirmäge, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri we syýasy partiýalar tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýaşlar döwletimiziň bagtly geljegidir, jemgyýetimiziň ygtybarly güýjüdir, milletimiziň beýik ynamydyr, ösüşlerimiziň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin hem, ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy ugrunda ähli zerur şertleri döretmäge örän uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun eýeleýär. Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde birleşdirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýar. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Bilim berlişiniň hiliniň ýokarlanmagy işiň netijeliligini artdyrýar. Şunda zehinli talyplar öz döredijilikleri, taslama işleri bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler. Şeýle guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleriniň aýdyň beýany bolup durýar.
Watanymyza, halkymyza, ahlak ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
GURBANDURDYÝEW MERTEBE,
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.