Ýaşlar baýragy — ýaşlygyň uly serpaýy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16 — 18-nji noýabry aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli geçirildi. Halkara forumyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 140-syna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Biz hem institutymyzda zähmet çekýän, şeýle-de ulag we kommunikasiýa pudagynda ökde hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda okap bilim alýan talyp ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmaklary bilen gutlap, olaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

 

Baýragyňyz gutly bolsun, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri!

 

Babageldi ISMAILOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi:

— Bu ýyl meniň üçin hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Mary welaýatynda geçirilen dabaralaryň dowamynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary bilen birlikde, maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Biz — bilim işgärlerine döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekip, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim bermegimiz, şol sanda döredijilik, ylmy işler bilen meşgullanmagymyz üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

 

Pälwan BAZAROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:

— Pursatlar täsirli bolanda adamyň kalbyny joşgunly duýgular eýeleýär. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynda adym tutulanda şeýle duýgyny başdan geçirdim. Çünki ýurdumyzyň zehinli, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňdebaryjy, ukyp-başarnykly ýaşlarynyň arasynda adyň tutulmagy diýseň ýakymly duýgy. Her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli medeniýetde, döredijilikde, sportda, ylymda we bilimde, umuman, ähli ulgamlarda döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň onlarçasyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli deň-duşlarym bilen birlikde, bu baýraga mynasyp bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu belent hormat, ýokary ynam meni has-da buýsandyrdy. Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak bagty maňa hem nesip etdi. Begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Ajaýyp zamanamyzda döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Ýazmyrat ATDAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby :

— Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýan günlerimiz maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy diýen hormatly adyň eýesi bolmak nesip etdi. Şu belent ynam meniň hem-de maşgalam üçin şatlykly waka öwrüldi. Men gazanýan her bir üstünliklerimizde halypa mugallymlarymyň yhlasyny görýärin. Geljekde hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ýokary okuw mekdebimizde professor-mugallymlarymyzdan saýlap alan hünärimizi kämil derejede öwrenip, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň ösmegine öz mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrasym gelýär.


Taýýarlan Mekan HAÝYTGULYÝEW,

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 

4-nji ýyl talyby.