Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamynyň hem giň gerim bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli Liderimiz, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan belent sepgitlere ýetmek, wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatdyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary bedenterbiýe we sport pudagynyň maddy enjamlaýyn esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Türkmen türgenleriniň sebit we halkara ýaryşlarynda gazanýan ynamly ýeňişleri bolsa, döwlet derejesinde alnyp barylýan syýasatyň ajaýyp miweleridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem talyp ýaşlarymyzyň sport bilen ýakyndan meşgullanmaklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara derejeli türgenleriň onlarçasy ýokary bilim almak bilen, olaryň halkara derejesinde bina edilen sport desgalarynda türgenleşikleri yzygiderli esasda geçmekleri üçin ähli şertler bar.
Mahlasy, sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzyň inženerçilik ugurly baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ýaş türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegi babatda uly işler amal edilýär. Milli Liderimiziň “Sagdyn beden – sagdyn ruh” ýörelgesini şygar edinýän talyp türgenlerimiz ýokary amatlyklary bolan sport zallarynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Bedenterbiýäniň we sportuň möhüm kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýan türgenleşikler özüniň oňyn netijelerini hem berýär.
Ýakynda geçirilen sport bäsleşiklerinde gazanylan oňyn netijeler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby Perman Kulyýew 57 kg. Arkadag şäherinde geçirilen türkmen milli göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna, Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby Käbe Mätjanow 57 kg. agramda erkin göreş göreş boýunça Aşgabat şäheriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda çykyş edip, baýrakly üçünji orna, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby Rožana Karajaýewa Aşgabat şäheriniň “ Aşgabat” köpugurly stadionynyň açyk tennis meýdançasynda sportuň uly tennis görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda jübütleýin görnüşinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna, ýene-de ady agzalan talyp türgenimiz Rožana Karajaýewa Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň açyk tennis meýdançasynda sportuň uly tennis görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýekeleýin görnüşinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly ikinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňişlerini uly ruhubelentlik bilen baýram edýän talyp türgenleriň maksady aýdyň, ümzügi diňe öňe!!!
Setdarberdi Rejepgeldiýew
Institutyň sport klubynyň başlygy