Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ösüp gelýän nesle bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ulgamyň işini kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler özüniň gowy netijesinem berýär. Aýratynam, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde, olary ylmy işlere höweslendirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine uly orun degişlidir.
Şeýle ýokary okuw mekdepleriniň birem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzdyr. Institutymyzda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalary pudaklary üçin ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetişdirilip, olar çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmakda uly işleri bitirýärler. Önümçiligiň jogapkärli wezipelerinde döredijilikli zähmet çekýän uçurymlarymyz biziň guwanjymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Sebäbi, mugallymlarymyz öz taýýarlan ýaş hünärmenlerimiziň jogapkärli wezipelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmeti, ata Watanymyza, il-günümize haýyrly adamlar bolup ýetişmekleri institutymyzyň zähmetsöýer mugallymlarynyň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidigi guwandyrýar.
Institutda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler: ykdysady ylymlaryň kandidatlary, ykdysady ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgärler we ýokary derejeli mugallymlar. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar. Häzirki wagtda institutymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ulanmaga berlen kaşaň binasy Aşgabat şäheriniň günbatar künjeginde görküne görk goşýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýuna barýarlar. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän mugallymlarymyzdyr talyp ýaşlarymyz ýeňişli menzillere ynamly gadam urýarlar.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji, işine ökde, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Hawa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyplaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dynuwsyz tagalla edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlar täsirli guralýar. Has anygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek maksady bilen, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, okuwlaryň kämilleşdirilýändigini görmek has ýakymly bolýar.
Bägül ÇARYÝEWA,
Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.