Ýaş alymlar-ýurdumyzyň kuwwatly güýjüdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda günbe-günden ösüşiň täze belentliklerine tarap batly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly bilimli nesil bolup ýetişmekleri  we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär.

         Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw jaýlarynda, okamaga, bilim almaga, döretmäge, zähmet çekmäge  giň mümkinçilikleri döredilen.

         Hormatly Prezidentimiz: “Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär.

Her ýylyň iýun aýynyň 12-ne ýurdumyzda giňden Ylymlar güni bellenilip geçilýär.  Şol mynasybetli «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça  has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan eden bäsdeşligi geçirildi. Şol bäsleşikde biziň institutymyzyň ýagny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň “Inženerçilik ulgamlary we torlary” kafedrasynyň mugallymy Durdyýew Orazmuhammet Durdyýewiç “Nanotehnologiýalar” ugry boýunça “Garagum çägesinde konstruksion gurluşyk materiallary taýýarlamagyň tehniki-ykdysady netijeliligi” atly ylmy işi bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem, Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň uçurymy we häzirki wagtda institutyň “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” kafedrasynda ilkinji zähmet ýoluny başlan  Atajaýewa Maýsa Ýazmuhammedownanyň “SWOT seljermesinden peýdalanmak bilen kärhananyň netijeliligini ýokarlandyrmak” atly ylmy temasy  bilen çykyş edip 1-nji baýrakly orna mynasyp  bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Bu bäsleşikde ady agzalan fakultetiň 3-nji ýyl talyby Güýçgeldi Kerimowyň Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça “Akylly şäherlerde awtobuslaryň bellige alyş ulgamyny sanlaşdyrmak” atly ylmy işi bilen çykyş edip, baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.

         Döwlet derejesinde geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemme taraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Bu aýdylanlardan ugur alnyp, alymlaryň täze neslini, olaryň ylmyň has möhüm ugurlaryndaky gözleglerini höweslendirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Biz bolsa ylym ýolunda zähmet çekmäge, şeýle bilimli, ylymly talyplary taýýarlamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymy bildirýäris.

“Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” kafedrasynyň

öwreniji mugallymy G.N.Amanowa