Welosport — sagdynlyk we ruhubelentlik

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 7-nji aprelinde — Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi eziz Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüldi.  Bu ajaýyp sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralary, köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe we sport çäreleridir ýaryşlar guralýar. Şol çäreleriň iň naýbaşysy bolsa säher bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginden — «Welosiped» binasyndan badalga alan welosipedli ýörişdir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ilatyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek ugrunda uly alada edýär, bu babatda degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport, bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýeti jebisleşdirýän ýörelgelere öwrülýär. Häzirki döwürde welosiped sporty jemgyýetimizde giňden ýaýran we söýülýän sport ugruna öwrüldi. Welosipedli ýörişler dünýä döwletleriniň köpüsinde şanly seneler mynasybetli geçirilýän dürli sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan örän ähmiýetli we giňden ýaýran çäreleriň bir görnüşi bolup durýar. Lukmanlar welosport bilen meşgullanmagyň, welosipedli gezelençleriň ynsan saglygyna oňyn täsir edýändigini aýdýarlar. Welosiped sürmek bedendäki alyş-çalşy gowulandyrýar, bedeniň umumy kuwwatyny artdyrýar, özüňi has ruhubelent, işjeň, güýçli duýmagyňa täsir edýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn-durmuş ýörelgeleri bilen bagly medeni çäre geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen futbol, tennis, söweş sungaty, gimnastika, woleýbol boýunça guralan ýaryşlar geljekki inžener-tehnologlaryň sporta bolan söýgüsini dolulygyna açyp görkezdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen bu çäräniň çäklerinde guralan welosipedli ýöriş oňa gatnaşyjylara keýpiçaglyk paýlady.


Ýaş nesillere görelde bolup, jemgyýetde köpçülikleýin sportuň giňden ornaşmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 Bagtygül ORAZOWA,

 Ulaglar fakultetiniň “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünäriniň talyby.