Watançylyk ähmiýetli sapak

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň nurly geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller hakynda ägirt uly aladalar edilýär. Ösüp gelýän ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryna, watançylyk hem-de milli ruhda terbiýelenmeklerine gönükdirilen şol aladalar ýurdumyzyň ýeneki gülläp ösüşlerine röwşen şuglasyny saçýar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sahawatly güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli eziz Diýarymyzda döwrebap bilim ojaklary gapylaryny giňden açdy, täze bilim edaralarynyň düýbi tutuldy. Ata Watanymyzyň golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň binalar toplumlarynyň düýbüniň tutulmagy unudylmajak şanly wakalar boldy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçmegi diňe bir bagtyýar ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiren umumy sapagy ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň ýürekleri eziz Watan, mukaddes toprak, ilim-günüm diýip urýar. Çünki, bu Watan, bu toprak, bu halk ýaşlar bilen galkynýar.

Milli Liderimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän, beýik şahsyýetlerimize, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan, sowatly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýär. Arkadagly Serdarymyz ata kesbine eýerip, ýaşlaryň ykbalyny özgerdýän, geljegini nurlandyrýan döwletli işleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna hemmetaraplaýyn görelde görkezýän Milli Liderimiz geçen umumy sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň mukaddesligi, Bitaraplygymyzyň sarsmaz binýady, milli baýramlarymyz we senelerimiz, nesil terbiýesi barada taryhy we çuň manyly çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyna ýaşlaryň ýüzlerçesine gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigini bellemek ýakymlydyr. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň bu okuw sapagyndaky çykyşyny “Watan” habarlar gepleşigi arkaly diňlänimizde şöhratly taryhymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryna we şu günümize bolan buýsanjymyz artdy. Milli Liderimiziň çuň manyly çykyşy bagtyýar ýaşlarymyzy her bir pursatda beýik menzillere ruhlandyrjakdygy şübhesizdir. Biz — ýaşlaryň eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşamagymyz, hünär öwrenmegimiz, kämilleşmegimiz, beýik işlere goşant goşmagymyz babatynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza bimöçber alkyşlarymyzy aýdýarys. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan, joşgundan doly bagtyýar ýaşlary Arkadagly Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Goý, arzuwlaryň hasyl bolýan Gahryman Arkadagly, Arkadag Serdarly Watanymyzda ýaşlaryň ykbaly gülläp, gül açsyn!


Näzik ÖWEZOWA,

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.