Waspyň dillerde dessan Aşgabat

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabat şäherimiziň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň kesgitlenen wezipelerini ýerine ýeirmek maksady bilen  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleriinstitutynda ýurdummyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda daşary ýurt dillerinde “Waspyň dillerde dessan Aşgabat” atly dörediilik festiwaly geçirildi. Bu festiwala her bir ýokary okuw mekdebiniň toparlary uly taýýarlykly gelipdirler. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutymyzyň talyplary Aýgül Kulbaýewa we Meredow Arslan “Aşgabat” atly aýdymyny iňlis dilinde aýdyp,  Gylyçbibi Baýramowa bolsa şol aýdymyň dowamynda merjen şäherimize görk berýän Aşgabat binasynyň keşbini kagyza geçirmegi başardy we çykyşynyň soňunda tomaşaçylaryň gyzgyn el-çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Festiwalyň soňunda instittutymyzyň topary şowly we üstünlikli çykyşy üçin hormat haty  we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.


Çemen Wekilowa,Diller kafedrasynyň mugallymy