Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, olaryň ylymly-bilimli, arassa ahlakly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda jemgyýetçilik guramalary hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan wagyz-nesihat çäresi guraldy. Institutyň mejlisler zalynda guralan bu duşuşyga talyplar, myhmanlar, mugallymlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini gazanmak ugrunda edilýän tagallalar barada gürrüň berip, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, boş wagtlary peýdaly işlere sarp etmegiň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermek boýunça öwüt-ündewlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Bu baradaky delilli gürrüňler edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ynsanperwer, watançy, belent ahlakly, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin tagalla baryny edýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň hasda belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmeginde uly mümkinçilikleri döredilýändigi dogrusynda gürrüňler berildi.
Çykyşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň mundan hem beýläk rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.