Uzak ýollar aşýan ulaglar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp terbiýe almagy üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden ugur alyp, işlemekde, döretmekde ökde hünärmenleri taýarlamakda ýurdymyz tarapyndan uly mümkinçilikler gazanylýar we döredildi.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, her ýyl 01-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni we bu şanly sene dabaraly geçirilýär we  ýaýbaňlandyrylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilen giň mümkinçiliklerdir.

Häzirki wagtda bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ulag ulgamynda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirilýär. biziň döwletimizde 23 den gowak ýokary okuw mekdepleri bolup, Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynda hem Türkmendeňizderýaýollary ulaglary boýunça 4 sany hünärler ýokary derejede ýaş hünärmenler taýarlanýar. Bu ýerde esasy wezipe milli ulag ulgamy ykdysaýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Milli bilim syýasatymyza oňyn halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy taýýarlanýan hünärmenleriň hem döwrebap derejedäki hünärmenler bolup kemala gelmegini şertlendirýär.   

Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ulag hyzmatdaşlygy we arabaglanşygy berkitmek, milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynda taýarlaýarlar talyplarynyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara we kärhanalarynda alynyp barylýan işler bilen içgin tanyşmagyny gazanmak üçin, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň önümçilik kuwwatyny we mümkinçiliklerini öwrenmek, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda inženerçilik aýratynlyklary bilen tanyşmak we alynyp barylýan işler bilen agentligiň garamagyndaky beýleki edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler bilen talyplar arasynda ulag strategiýasynyň ösüşi barada sorag-jogap alyşmaklygy guramak okuwlary geçirilýar.

Häzirki wagtda ulag diplomatiýasy netijesinde koreýa halk resbublikasynyň KSIT kompanýasy bilen balkan zawodynyň bileleşip 2 sany  gury ýük gämisini gurýarlar Ol ýerde bolsa biziň institutymyzy tamamlan hünärmenler bilelikde gämileri gurmak işini amala aşyrýarlar.

Bulardan başgada deňizde ulag gämileriň howpsyzlygyny we deňizçileriň janyny goramaklyk boýunça birnäçe okuwlar we standartlar geçmek bilen döwletimiz halkara konwenselere gatnaşyp olaryň agzasy bolýar. Ol hem ýaş ulag hünärmenleri üçin halkara derejesinde gämiçilik işleri, ýükleri daşamak we dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksatly deňiz ulagynda ýüzüşleri ýerine ýetirmeklige laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynda birnäçe ýyllardan bäri, dowamly Türkmenistan döwletimiziň ökde deňizçi inzener hünärmenlerini, gämi gurluşykçylary taýarlap gelýär we häzirki wagytda ol hünärmenler Türkmendeňizderýaýollary agetliginiň ulag pudaklarynda zähmet çekýärler. Şu nukdaý nazardan peýdalanyp  şeýle mümkinçilikler gelejekde türkmen ýaşlarynyň Ulag diplomatiýasynyň ösüşinde, uly ykdysady özgermelere, ösüşlere ýetirerler. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly gahryman Serdarymysa köp sagbolsunlar aýdýaryn, olaryň jany sag ömürleri uzak bolsun.  

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                        Ýakup Myratgylyjow, Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                müdiri