Ulaglar fakultetiniň üstünligi

Bilim ojagymyzda zähmet çekýän halypa mugallymlar bilen bir hatarda, zehinli talyplaryň okuw sapaklaryndan daşary, özleriniň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredilen. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň ýokary okuw jaýymyzda «Aýyň fakulteti», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly bilim bahalandyryş bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. 2022-2023-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň iýul aýynda ýokary okuw jaýymyzyň Ulaglar fakultetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň alyp barýan işlerinde ýokary netijeleri görkezip, «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly hormatly atlara mynasyp boldular. Iýul aýynda Ulag fakulteti we  Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy ähli görkezijileri boýunça institutyň ýeňijisi boldy. 

Iýul aýynda «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapar Karataýew «Aýyň mugallymy» adyna mynasyp boldy. Ol okuw sapaklaryny talaba laýyk alyp barmakda, şeýle-de jemgyýetçilik işlerine we teleýaýlymlarda çykyşlary ýerine ýetirmekde alyp baran işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalar bilen kesgitlenildi.

Ýeri gelende aýratyn bellemeli işleriň biri hem Ulaglar fakultetimiziň öz işine ezber mugallymlarymyz tejribehanalarda işlemegiň düzgünlerini, ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň inçe tärlerini talyp ýaşlara örän ussatlyk bilen öwredýärler.Fakultetimizde ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilendir. Talyp ýaşlaryň şahsy döredijiligini açyp görkezmekde, ylmy gözlegleriň ilkinji basgançaklaryna ugrukdyrmakda örän wajyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň ündewlerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Ylma höwesli talyp ýaşlar halypa sagatlarynda we ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan ylmy gurnaklarda öz saýlap  alan ylmy temasy boýunça fakultetiň professor-mugallymlarynyň öňünde ýörite sanly bilim tehnikalarynyň we multimediýa enjamlarynyň üsti bilen ylmy işiniň täzeçilligi, maksady, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşjak goşandy dogrusynda  çykyş edýärler, halypalardan degerli maslahatlary alýarlar.

Geljekde-de ýokary okuw jaýymyzyň Ulaglar fakultetiniň halypa mugallymlaryna we talyplaryna hünär eýeleriniň ussady bolup, öz döredijilik ýollarynda mynasyp ornuny tapmaklaryny arzuw edýärin!

 

Oguljan Aýnazarowa, Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň müdiri we uly mugallymy.