Häzirki ajaýyp döwrümizde ykdysadyýetiň ulag we kommunikasiýa ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar, ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine ünsi çekip, ýaşlarymyzy ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň esasy talaplaryň biridigini nygtady. Şunda bilim özgertmeleriniň, okatmagyň döwrebap usullarynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda döredilýän giň mümkinçilikleriň, döwrebap şertleriň oňat ýardamyny berýändigini bellemek gerek. Şunda okuw işini tejribe bilen sazlaşykly alyp barmak, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, barlaghanalarda talyplara öwretmek üçin tagalla edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär, sanly tehnologiýalara giňden üns berilýär. Munuň özi bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Sanly tehnologiýalar, şeýle hem barlaghanalarda ornaşdyrylan enjamlar talyplara bilim bermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda talyplara bilim bermegiň döwrebap usullary ulanylýar. Bu ugurda kompýuter tehnologiýalary bilen bir hatarda barlaghanalarda tejribe sapaklary guralýar. Bu bolsa talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini barlamaga, tejribede görmäge we geljekde iş ýüzünde ulanmaga ýardam edýär, taýýarlanylýan oba hojalyk hünärmenleriniň kämilligini artdyrýar.
Ulag we kommunikasiýa toplumy üçin bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda hünärmenleriň bilim derejesiniň kämil bolmagyna, olaryň ylmy iş alyp barmagyna üns berilýär. Institutda talyplaryň häzirki zaman ulaglar, inžerçilik ulgamlary, kommunikasiýa bilimlerinden, maglumat tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilýän giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara bilim bermekde, milli we dünýä zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda öňdebaryjy usullaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy bolsa döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasilary institutynda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, halkara guramalardyr ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar.
Bu günki gün türkmen ýaşlary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalarda, dürli intellektual bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, döwletimiziň ylym-bilim kuwwatyny giňden açyp görkezýärler. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Diýarymyzda üstünlikli geçirilýän halkara bäsleşikler hem ýaşlarymyzy täze sepgitlere ruhlandyryp, olaryň tejribesiniň artmagyna amatly mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmeginiň şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Munuň özi bilimli nesilleriň kemala gelmegine, kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna oňat mümkinçilikleri döredýär. Bilimli ýaşlary terbiýelemekde, ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Amanmyrat SÄHETMYRADOW,
Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.
Hezilow GOÇMYRAT,
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby