Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hünäre goýulýan sarpa hem has ýokarlandy. Döwrümiziň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Munuň özi ozaly bilen Arkadagly Serdarymyzyň ylmy-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Arkadagly Serdarymyzyň ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyz üçin zerur inženerleri,tehnologlary we mehanikleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugra degişli okuw sapaklarynyň maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda içgin gyzyklanmagy institutymyzyň professor-mugallymlarynyň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ulag ulgamyna degişli ylmy işleri, taslamalary taýýarlamaga ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlarynyň halypalyk etmeginde talyp ýaşlary gatnaşdyrmak barada yzygiderli tabşyryklary berýär. Bu tabşyryklardan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimizde işler meýilnama esasynda ýola goýuldy. Taýýarlanylýan her bir taslamany ylmy esasda işläp düzmek maksady bilen fakultetlerde ýaş alymlaryň merkezi döredildi. Ulag we kommunikasiýa pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän amaly sapaklary tejribe bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär.
Talyp ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň biri hem olaryň öz okaýan ugurlary boýunça edara-kärhanalara baryp, halypalaryň ýolbaşçylygynda önümçilik, okuw, iş tejribeliklerini geçmekleridir. Okuw tejribelik geçmek okuw mekdebinde öwrenilen nazary bilimleri iş üstünde, gözüň bilen görmek we göreniňi öz eliň bilen gaýtalap görmekdir. Berkidilen halypalaryň ýolbaşçylygynda şeýle tejribeligi geçen geljekki ýaş hünärmenler okuwlaryny tamamlap, iş orunlaryna baranlarynda, işiň gidişinden, işiň häsiýetli aýratynlyklaryndan, degişli enjamlardan we ulgamlardan habarly bolýarlar. Munuň özi işe tiz ugrukmaga we täzeçillik görkezip işlemäge mümkinçilik berýär.
Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň il-ýurdumyza eşret getirýän özgerişliklerdigine, Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerini ýene-de täze belentliklere ýetirýändigine has oňat düşünýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty has artýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşlerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda mukaddes topragymyzda meýilleşdirilýän iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň çuňlugy bilen kesgitlenilýär. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän hoşallyk maslahatlarynda professor-mugallymlarymyz bilen birlikde talyp ýaşlarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän ynamynyň özleri üçin uly mertebedigini nygtaýarlar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli ulag diplomatiýasy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny bagyş edip, hemişe uly buýsanç bilen gatnaşjakdyklaryny ynandyrýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan ýaşlar üçin ähli zerur şertleri döredip berýändiginiň we ylymly, bilimli, ýokary hünärli hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Biz — talyp ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Eziz Ymamberdiýew,
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.