Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we gurluş, inženerçilik çözgütleriniň döwrebaplygy, olarda tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde oňa erk edip we dolandyryp bilýän, täze taslamalary işläp düzmegi başarýan hünärmenleri ýetişdirmek işi döwletiň üns merkezinde saklanýar.
Bu ugurda alnyp barylýan tehniki ylmy syýasatynyň rowaçlanýandygyny bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döredilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, senagat pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemek bilen baglydyr.
Ýokary okuw mekdebimizde bilimiň halkara ölçeglerine, milli bilim ulgamynyň ýörelgelerine, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýüzlerçe talyba ýokary hünär bilimi berilýär. Institutymyzda ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça degişli fakultetlerde ýokary bilim-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar.
Ähli fakultetlerde hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyp ýaşlara tejribeli mugallymlar, uly mugallymlar, ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, dosentler we professorlar hünär öwredýärler. Sapaklar sanly ulgamda, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem özleşdirilip, onda bilim usulyýetiniň soňky gazananlary işjeň peýdalanylýar. Sapaklar amaly we umumy görnüşde bolmak bilen, tejribeler arkaly berkidilýär. Öwrenilenleri özleşdirmek, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen hünär ugurlaryna laýyklykda göçme okuw sapaklary, teleköpri arkaly baglanyşyk we önümçilik tejribelikleri hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Ýokary okuw mekdebimiziň toplumlaýyn binalary kaşaňlygy, okuw otaglarynyň ýokary hilliligi, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýy, sport merkezi we beýlekiler bu ýerdäki işleriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Okuwlary we ylmy-barlag işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin institutyň ýanynda ýörite Ulag-logistika ylmy merkezi hem hereket edýär. Onda ýaş alymlaryň hem ylmy işleri, täze taslamalary alyp barmaklary, inženerçilik we tehnologiýa boýunça işläp-düzmek boýunça tejribeleri geçirmek üçin giň mümkinçilik açylýandygyny hem bellemek gerek. Ylmy tejribe bilen utgaşdyrmak talyplaryň alan bilimlerini önümçilikde ulanmak başarnyklaryna eýe bolmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Institutymyzyň mugallymlarynyň alyp barýan tutanýerli işleri hem-de talyplarymyzyň bilim almakdaky erjelligi ýaşlarymyzyň döwletiň ykdysady ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirmäge esas berýär.
Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda tehnologlaryň we inženerleriň täze nesli kemala gelýär. Bu bolsa ykdysady, syýasy we medeni taýdan kuwwatly ösýän döwletimiziň häzirkizaman gadamlarynyň diňe öňe ilerleýändiginiň alamatydyr. Watanyň kuwwatyna kuwwat goşjak, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşup biljek hünärmenleri kemala getirmek mugallymlarymyzyň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Amanmyrat SÄHETMYRADOW,
Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.