ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERINIŇ HALKARA ÄHMIÝETI

Dünýä derejesinde ählumumy parahatçylyga hem-de howpsuzlyga esaslanýan Durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde BMG-niň Durnukly ulag ulgamyny işjeňleşdirmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gysga wagtyň içinde umumadamzat ähmiýetli işler amala aşyryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlary boýunça awtomobil, demir ýollary gurlup, döwrebaplaşdyrylyp işe girizildi. Döwrebap awtomobil, howa, demir ýol menzilleri, köprüler we geçelgeler guruldy hem-de gurulýar. Merkezi Aziýada esasy logistiki merkez bolup hyzmat edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty işleýär. Netijede, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpugurly ulag düzüminiň işi ýola goýuldy. Köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleri kemala geldi, dürli ulag akymlarynyň ýol-ugur birikmelerinde logistiki merkezler, serwis-hyzmat, aragatnaşyk nokatlary döredilýär. Ulag ulgamynda Sanly ulgamy ulanmaklyk kämilleşdirilýär.

Halkara derejesinde wajyp, Durnukly ulag ulgamynyň kemala gelmeginde hem-de kämilleşmeginde Bitarap Türkmenistan uly mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geljegi nazarlaýan umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz halkara ähmiýetli köpugurly ulag ulgamynyň sazlaşykly işlemäge ukyply sebit hem-de yklymara ulag-üstaşyr ge­çelgeleriniň döredilmeginde nusgalyk işleri 

amala aşyrýar. 

 

 Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda: «Türkmenistan bu gün Gündogar– Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar halkara ulag geçelgesini, TRACECA halkara ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşýar» diýip, bu ugurda bitirilmeli işler 

barada durup geçdi. Şunlukda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz 

tagallalary bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» Strategiýasynyň giň many-mazmunda, takyk maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagy häzirki döwrüň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasylarynyň biri bolup durýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş 

Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarynyň Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýandygyny belläp geçdi. Şolardan «Bütindünýä durnukly ulag güni» 2023-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen Kararnamadyr.Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlarda bolan saparlarynda, forumlara we  maslahatlara gatnaşanda halkara ulag-logistika ulgamy esasy üns merkezindäki meseleleriň hatarynda durýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki ýokary derejeli maslahatdaky çykyşynda: «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär» diýip aýratyn belledi. Şonuň ýaly-da,bu çykyşda Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň zerurlyklary bilen sazlaşýandygy nygtalyp geçildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynda bolan resmi saparynda geçirilen gepleşiklerde hem iki doganlyk ýurtlaryň arasynda halkara ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerine üns berildi.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzy dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr ulag merkezine öwürmek boýunça döredijilikli esasda netijeli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt, umumadamzat bähbitli belent maksatly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

 


Jumagylyç MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary 

institutynyň dosenti, tehniki 

ylymlarynyň kandidaty.

Türkmeniň Ýüpek ýoly gazedi 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda çap edilen.