Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldanan Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjyny durmuşa geçirmekde sebit we global ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda halkara ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň 3 – 4-nji maýynda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny çuň mazmun bilen baýlaşdyran uly üstünlikli netijeleri hem muny aýdyň görkezýär.
Bu halkara maslahatyň netijeleriniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda ýurdumyzda transkontinental köp görnüşli ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmak, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak boýunça uzak möhletli we yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy ähmiýetiniň juda uly boljakdygyny hem bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan Dünýäniň gün tertibindäki meseleleriň sazlaşykly we netijeli çözülmeginde ulag-logistika hyzmatlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýdyň ugury hökmünde garaýar.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýişi ýaly: «Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» .
Çeperleşdirip aýdanymyzda, Dünýäň kartasynyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan watanymyz taryhyň ähli döwürlerindäki ýaly söwdada, senagatda, medeniýetde, ylymda we durmuşyň beýleki düzümlerinde ynsanýetiň gazanan ösüşlerini dünýäň ähli künjegine ýetirmegiň eltijisi – Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendirijisi bolmagynda galaýr. Munuň şeýledigine Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzda ulag diplomatiýasynda tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirýän beýik işleri we amala aşyran ägirt taslamalary doly şaýatlyk edýär.
Şular barada gürrüň edilende, 1993-nji ýylda “Brýusel Jarnamasyny” goldamak bilen Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) boýunça maksatnamany kabul etmekden gözbaşyny alýan Türkmenistan döwletimiziň garaşsyzlyk ýyllarynydaky ulag düzümini ösdürmek baradaky meýilnamalary Arkadagly eýýamymyzda strategik tutumlara beslendi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary bilen “ulag diplomatiýasy” diýip atlandyrylandygyny bellemek gerek.
Bitewi logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamak ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bagly beýik başlangyçlary öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan ulag-logistika ulgamyny ösdürmek bilen bagly halkara çäreleriň ençemesini dünýäde ilkinji bolup geçiren döwletdir.
2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahaty; 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda RECCA VII çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag Hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gol çekilmegi, 2019-njy ýylda geçirilen I- hazar ykdysady forumy ýaly iri çäreler munuň aýdyň mysalydyr.
2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen maslahat hem döwletimiziň dünýäde ählumumy ösüşi we durnuklylygy gazanmak ugrundaky maksadyna ýetmekde ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi.
Alym Arkadagymyzyň uzak gelejegi nazarlaýan paýhasy esasynda Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleriniň BMG ýaly iri halkara guramalary tarapyndan ýörite resminamalaryň kabul edilmegi bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetini has artdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy sessiýasynda öňe süren teklipleri esasynda: 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalary milletler bileleşiginiň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda diňe ulag diplomatiýasy babatdaky kabul eden resminamalaryndan mysallardyr.
Milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlaýan beýik tutumlary bilen amala aşyrylýan ulag diplomatiýasy dünýä hojalygyny ösdürmekde, söwdany ýönekeýleşdirmekde, ýurtlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagynda, erkin senagat zolaklarynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Şunda Türkmenistanyň ýol-ulag hyzmatlarynyň maddy binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmakda alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir. Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzda ýokary netijeli ulag düzümleriniň döredildi.
Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprülerini, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda ulanmaga berlen döwrebap ýolagçy terminallary milli we sebit möçberindäki ähmiýetli desgalar bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu halkara çäresine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem nygtaýyşy ýaly: «Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.
Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag hem-de söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer».
Ýeri gelende bellesek, bu maslahatyň çäklerinde “Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek”, “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän “CASCA+ multimodal ulag ugry” taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyklaryň meýilleşdirilmegi Arkadagly serdarymyz tarapyndan ulag diplomatiýasyny has-da ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleriň guwandyryjy netijeleridir.
Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň has-da kämilleşmegi, halkara ulag hyzmatdaşlygyndaky ornunyň pugtalanmagy, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň köpugurly pugtalanmagy, milli ykdysadyýetimiziň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak derejesiniň ýokarlanmagy, Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň mizemezligi, halkara abraýynyň artmagy, şonuň ýaly-da sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda halkymyzyň abadan geljegini nazarlaýan, umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Muhammetrahym Öwezow, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, Tehniki ylymlaryň kandidaty.