Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.
Döwlet hem halkara ähmiýetli ýollaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen bir hatarda, welaýat, etrabara derejedäki ýollaryň gurulmagy babatda-da netijeli işler alnyp barylýar. Çünki döwletimiziň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşi netijeli hereket edýän ulag düzümi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýollaryň giň gerimli gurluşygy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň döredilmegine, welaýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň amatly bolmagyna, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr awtoulag akymlarynyň artmagyna ýardam berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda howa ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça deň bolan Aşgabadyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ösüşinde möhüm waka boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýük daşamakda esasy orny eýeleýär. Ulagyň bu görnüşini ösdürmegiň strategiýasy dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmäge, olaryň howpsuzlygyny, işgärler üçin talabalaýyk iş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýol taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň goňşy döwletleriň demir ýol ulgamlaryna birikdirilmegi üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge şert döretdi.
Beýleki Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda, Türkmenistan hem halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, söwda ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde milli deňiz flotunyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly üns berýär. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmalary boýunça döwrebap tankerler, täjirçilik maksatly gämiler guruldy hem-de ulanmaga berildi. Olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyklygy, innowasion enjamlary deňiz ulagy boýunça ýük daşamalaryň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.
Ulag ulgamyny ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümleri döretmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem-de strategik maksatlaryň uly toplumyna ýetmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly, birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek-de onuň esasy wezipeleriniň biridir.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze dereje bermäge gönükdirilen birnäçe Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnama hem bar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şeýle hem pudaklaýyn maslahatlar yzygiderli guralýar.
Goňşy ýurduň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu ugurda gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli uzynlygy 242 kilometr bolan awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi we eýran kompaniýalaryna bu taslama gatnaşmak teklip edildi. Şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bu awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ykdysadyýeti durnukly we okgunly ösdürmegi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Garýagdy ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.