Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, hereketlendiriji güýji bolmak bilen, halkara ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Ulag-logistika pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi durmuş-ykdysady ösüşler bilen özara sazlaşygy emele getirip, halkara hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine oňaýly täsir edýänligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollar, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Demir ýol, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, wagonlar, uçarlar bilen ýetirilip, ulag hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär.
Ýaýlymnazar Lalyýew,
Sanly tehnologiýalr kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.