Ulag-Logistika Ulgamynda Halkara

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy. Dünýäde ilkinji bolup BMG tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilen Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylykly daşary syýasaty ýöredýär. Ýurdumyz özüniň saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Milletler Bileleşigi 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň özara düşünişmek, dostluk hem-de ösüş babatdaky tagallalaryny birleşdirmek boýunça halkara derejede ägirt uly işleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara ulag maslahatynda kabul edilen netijeleri ýatlap bileris. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça halkara ulag baglanşyklaryny ösdürmek uzak möhletleýin milli bähbitlerine gabat gelýär we ony parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň aýrylmaz bölegi hökmünde üpjün etmäge gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Beýik Ýüpek ýoly täzeden howa, suw, «polat» we gara ýollar arkaly dikeldilýär. Bu ugurlar döwlet Baştutan ymyzyň logistika strategiýasynda öran aýdyň ýüze çykýar. Elbetde, munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap görnüşde dikeldilmeginde Berkarar Diýarymyzyň halkara hyzmatdaş lygyny işjeňleşdirmekde ulag-üstaşyr geçelgelerine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda gysga döwrüň içinde täsin inženerçilik desgalarynyň — ulag gatnawlarynyň halkara ulgamynyň «altyn halkasyna» öwrülen demir we awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurulandygyny, howa hem-de deňiz ýollary ulgamlarynda uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny agzamak has-da ýakymlydyr. Lebap welaýatynda ägirt uly inženerçilik desgasy — Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleriniň gurulmagynyň döwletara ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň öňe ilerlemeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Diýarymyzda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatlar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda «Türkmenawtoulaglary » agentliginde Ýaponiýanyň «Sumitomo Ñorporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen ykdysady taslamalar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Wideo maslahatda elektroenergetika, ulagkommunikasiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň netijeli boljakdygy barada aýdyldy. şeýle hem Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça yklymara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň çäklerinde logistika ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. şeýle hem «Türkmendemirýollary » agentliginde Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideo maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň wekilleri gatnaş dylar. Hususan-da, taraplar goňşy döwletleriň ulag ulgamynda, sebit we halkara ulag-kommunikasiýa düzümlerini kemala getirmekde geljeki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar. Wideo maslahatyň dowamynda dürli ugurlar boýunça durnukly ýük gatnawlaryny üpjün edýän logistika ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Soňky ýyllarda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi, Türkmenistan — Owganys tan — Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina ugrunyň ajaýyp taslamalarynyň amala aşyrylmagy, paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna başlanylmagy ulaglar ulgamyndaky halkara baş langyçlaryň belent üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Ulaglar pudagynda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaklyk Türkmenistanyň Inžener –tehniki ulag komunikasiýalar institutynyň paýyna düşýär. Ýokary okuw mekdebimizde 2017 — 2018- nji okuw ýylyndan başlap Owganystan döwletinden hem talyp oglan gyzlary demir ýol, awtoulag we aragatnaşyk ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanyp başlanyldy. 2019 2020-nji okuw ýylynda hem demir ýol ugry boýunça 5 sany owgan talyplary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna hünär öwrenmäge geldiler. Owganystan ly talyplar dünýäniň ösen tehnikalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişip, öz watanlarynda ulaglar ulgamynda zähmet çekjekdiklerini buýsanç bilen aýdýarlar. Iki ýurduň arasynda dost-doganlygyň berkemegi, agzybirligiň pugtalanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny buýsanç bilen belleýärler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar. Ýurdymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 Oguljan AÝNAZAROWA, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.