“TÜRKMENTEL – 2023” HALKARA SERGISI WE MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar uly ösüşlere eýe bolup, ýetilen sepgitler halkara derejesinde geçirlilýän sergilerde çykyş edýärler.

 “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergiler zalynda “Türkmentel 2023” atly X halkara maslahatyň we serginiň dabaraly açylyşy boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmakda, halkara tejribesini we ösen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylyp belent sepgitlere eýe bolunýar. Aragatnaşyk pudagy jemgyýetiň infrastrukturasynyň uly depginler bilen ösýän pudagydyr. Bu ösüşiň esasy sebäbi aragatnaşygyň hyzmatyndan we informasiýalardan peýdalanýanlaryň sanynyň gün-günden artmagydyr. Ýurdumyzda aragatnaşygyň dürli hyzmatlaryny hödürlemek üçin elektronikada, optiki-süýümli aragatnaşykda we hasaplaýyş tehnikada ylmyň we tehnikanyň soňky gazanan üstünlikleri giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergiler zalynda guralan “Türkmentel 2023” atly halkara sergide diňe bir ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň ösüşleri däl-de, eýsem, dünýäniň iň öňde baryjy “Siemens”, “Alcatel”, “Huawei” we beýleki dünýä belli telekommunikasiýa kompaniýalarynyň hem gazanan üstünlikleri sergilenipdir.

Türkmenistanda giň göwrümde CDMA (code devision multiplex acsess - kod boýunça kanallara bölünmegi)  tehnologiýalaryň ulanylmagy, GSM (Global sistem for mibile - bütindünýä mobil tory) görnüşli ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, WI-MAX (radio tolkunlar arkaly  simsiz ýokary tizlikli internet aragatnaşyk tehnologiýasy), IP-TV-nyň - (internet ýaýlymynyň üsti bilen telefon aragatnaşygy, teleýaýlymlaryň alyp görkezilişi) ulanyşa girizilmegi täzeçil usullaryň önümçilige girizilýändiginiň nyşanydyr.

 “Türkmentel 2023” atly halkara sergä we onuň çäklerindäki X halkara maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Sergide ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde aragatnaşyk ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklaýan diwarlyklar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň wagyzçy mugallymlary hem-de talyplary teleradio ýaýlymlary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň işleşip dürli mowzuklarda çykyşlar etdiler.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.