TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMYNDA TÄZE HOWA DURALGALARY

“ – Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär.”

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW

Türkmenistanyň gündogarynda Amyderýanyň çep (günbatar) kenarynda ýerleşýän Kerki şäheri – Lebap welaýatynyň we tutuş ýurduň senagat we ulag infrastrukturasynyň işjeň ösýän merkezlerinden biridir.

Gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni gatnaşyklar bilen Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany birleşdiren Türkmenistan “ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we bütin dünýäniň abadançylyk bähbitlerine we durnukly ösüşine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag pudagynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ymtylýar.

Türkmenistan diňe Beýik ýüpek ýoluny täze keşbinde dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem iri halkara logistika merkezine öwrülip, sebitdäki möhüm ulag çatrygyna öwrülýär. Bu ösüş programmasy ýurdumyzyň amatly geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, üstaşyr ýükleri daşamakda Hormatly Prezidentimiz birnäçe gaýragoýulmasyz meseleleriniň oňyn çözgütlerini durmuşa geçirilýär.

Muňa mysal bolup häzirki zaman halkara standartlaryna laýyk gelýän ulag infrastrukturasy döredilýär, awtoulag ýollary gurulýar, transmilli demir ýollar, wokzallar, Türkmenbaşy şäherinde täze deňiz porty gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, diňe ýurduň içindäki sebitleri däl-de, eýsem goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtoýol köprüleri gurulýar.

Ýurdumyzda 2010-njy ýylyň aprel aýynda Hazarýaka şäher – Türkmenbaşy şäherinde halkara howa menzili açyldy. Aşgabat halkara howa menziliniň täze toplumy 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berildi. Şeýle-de 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezi – Türkmenabat şäherinde halkara howa menzili işe girizildi.

Bulardan başga-da, Kerki şäherinde ýene bir halkara howa menzili ulanylmaga berildi, ol içerki raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeldip, howa ýük daşamalarynyň we ýolagçy gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.

Demirgazyk tarapdan Özbegistanyň we Günorta tarapdan Owganystanyň döwletleriniň aralygyndaky şäherleriň ýerleşişini nazara almak bilen, esasan hem ykdysadyýetiň ösüşiniň milli meýilnamalaryny hem-de olaryň ulag ulgamlary bilen utgaşyklygyny göz öňünde tutulanda, Merkezi we Günorta Aziýada täze halkara howa ugurlarynyň geostrategiki artýar.

Bularyň ählisi, şeýle hem ulag ulgamyny ýurt derejesinde döwrebaplaşdyrmak kiçi howa menzilleriniň ösmegini, şol sanda Kerki şäherinde sagatda 100 adam goýberiş ukyplylygy bolup täze halkara howa menziliniň gurulmagyny şertlendirdi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň buýurmasynyň esasynda Kerki şäherinde ýerüsti awiasiýa infrastrukturasyny gurmak taslamasy “Gündogdy” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Täze halkara howa menzili toplumynyň taslamasy bu ugurda täze tehnologiýalaryň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak bilen, tehniki innowasiýalary we özboluşly dizaýner çözgütleriniň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär

Taslamada gelýän we gidýän ulaglaryň kesişýän ýerlerini aradan aýyrýan ýolagçylar üçin aňryçäk rahatlygy üpjün edýän berk zolaklaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Fiziki taýdan çäklendirmeli adamlar üçin amatly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler bar. Halkara howa menziliniň toplumynyň işgärleriniň iş otaglary häzirki zaman guramaçylyk tehnika we umumy ulgama birikdirilen şahsy kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Kerki şäherindäki halkara howa menzili, ilkinji nobatda, uçuşlaryň howpsuzlygy we ýokary derejeli ýolagçy hyzmaty babatynda ähli häzirki zaman talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk gelýär.

Şeýlelik bilen, täze halkara howa menziliniň işe başlamagy bilen ýurduň çalt ösýän iri senagat we oba hojalygy sebitiniň multimodal ulag-logistika ulgamynyň döremegine ýene bir itergi berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ýola goýlan Aşgabat-Kerki-Aşgabat ugry boýunça günde uçuş amala aşyrylar we ýakyn wagtlarda başga ugurlar boýunça howa gatnawlary ýola goýlar. Kerkiniň halkara howa menzilinden daşary ýurt uçarlary tehniki gonuşlary we ýerdäki hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hem-de ýangyç guýlandan soň  howa gämisi barýan ýurduna tarap uçuşyny etdirip bilerler.

Türkmenistanyň ýene-de halkara howa duralgalarynyň biri hem gojaman Hazar deňziniň kenaryndaky Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Jebel şäherçesinde gurular. Bu halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat eder. Howa menziliniň tutýan meýdany 275 gektara barabar bolar hem-de howa menzilinde 200-e golaý işgär işlär. Täze halkara howa menzilini 2024-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Milli Lidermiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ulag pudagyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň aýrylmaz bölegi – içerki we halkara ugurlary boýunça ýolagçy we ýük daşamalarynda möhüm orun eýeleýän Watanymyzyň raýat awiasiýasynyň infrastrukturasyny kämilleşdirmekden we täzelemekden ybaratdyr. Ýurdumyzda bu ugurda anyk, yzygiderli ädimler ädilýär.

Bu pudakda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölekleri: uçuş, inžener-tehniki we dolandyryş işgärlerini taýýarlamak, maddy binýadyny enjamlaşdyrylmagynyň tehnologiki derejesi we içerki raýat awiasiýasynyň awiaparkynyň täzelenmegi, oňa içerki we halkara ugurlarda ýolagçy we ýük daşamalarynda ähmiýetli orun berilýär.

Hormatly Arkadagymyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň yzygiderli ösmegi we döwrebaplaşdyrylmagy baradaky yzygiderli aladasynyň netijesinde şu gün “Türkmenhowaýollary” Gullugynyň howa parky dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň soňky nesiliniň uçarlary we dikuçarlary bilen üpjün edilendir.

Howa nawigasiýasy infrastrukturasynyň ösdürilmegine we howa ýolagçylary üçin hyzmat pudagynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda ýerüsti kömekçi enjamlaryndan intellektual howa menzilleri toplumlaryna we innowasiýa halkara hyzmatlaryna çenli ýokary netijeli we şahsylaşdyrylan çözgütleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň emele getirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir, ol ýurduň öňdebaryjy durmuşy-ykdysady ösüşine we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän aragatnaşyk ýollarynyň strategiki çatrygynda bolmak bilen, biziň ýurdumyz aňyryçäk netijelilik bilen durmuşa geçirmäge ymtylýan ägirt uly tranzit kuwwatyna eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň üstaşyr howa geçelgesi Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-hem ösdürilýär. Bu babatda döwlet derejesinde uly gerimli işler durmuşa geçirilýär. Biz ýaş hünärmenlere hem şu ugurda okamaga, işlemäne we ýaşamaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza Ezizi Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt döwlet ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn.

 


Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 5-nji ýyl talyby Gaýypow Gaýrat

Demir ýol ulaglary fakultetiniň   5-nji ýyl talyby Töräýew Bereket