TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMY DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşli özgerişliklerde ulag ulgamynyň ähmiýeti bimöçberdir.

Ulag ulgamynyň jemgyýetimiziň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagy, ýol hereketiniň kadaly, amatly we howpsuz amala aşyrylyşyny guramagyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ulag ulgamynyň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy.Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän bölümler bar.

Türkmenistanda häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny işjeň durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdirilýär we awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.Bu taslamalar halkara söwdasynyň, şeýle hem sebit we sebitara ähmiýetli ulag ulgamynyň ösmegine itergi berer.Biziň ýurdumyz, Ýewraziýa sebitiniň  esasy haryt-ulag gatnaw ýollarynyň çatrygynd ýerleşmek bilen, örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş we kommunikasiýa merkezi bolup durýar.Türkmenistan özara bähbitli döwletara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem ýükleriň  we ýolagçylaryň üstaşyr geçirilişiniň  çaltlandyrylmagyna uly goşant goşýar.Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamlaryny düýpli toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge giň gerimli we ägirt uly taslamalar Türkmenistany sebitde öňdebaryjy orunlara çykardy.

Ulag pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulmagynyň  möhüm ugry bolup durýar.Şuňa baglylykda, Berkarar döwletimiziň,bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýeti bolan ösen ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça ýeterlik derejede berk esas döredildi.Ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler ýola goýuldy. Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan strategik maksatnamalarynyň we düýpli özgertmeleriniň çäklerinde hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Amala aşyrylýan işler ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instutytynda 2020-nji ýylda “Türkmenistanyň Ulag –logistika merkezi” döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ulag-logistika merkezleriniň ýokary netijeli ulgamyny döretmek institutyň  özbaşdak amala aşyrýan ösüş taslamasydyr.Türkmenistanda üstaşyr geçirimlerde dünýä ulag düzümleriniň taslamlaryny Hytaýyň,Günörta-Gündogar Aziýanyň,Ýewropanyň,Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň ýük iberijileriniň ilkibaşdan çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Munyň özi eziz Watanmyzy mundan beýläkde hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine , döwlet dolandyrylşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.Bu ugurda awtomobil ulaglary möhüm ähmiýete eýedir.Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny açyp berdi. Bilim bermegiň we hünär öwretmegiň iň ösen talaplaryna doly eýerýän we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderli tejribe alşyp durýan ýokary okuw mekdebimizde ulgamy mundan beýläk hem ösdürjek hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.Ulag we kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagy üçin şert-ykdysady taýdan güýçli depginler bilen ösmeginiň ugurlarynyň birine öwrüldi.

Möwlam HAÝTGULYÝEW, Ulaglar fakultetiniň talyby