HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR
BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň” Milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamy beýleki ugurlar bilen bir hatarda, halkara derejesinde uly ösüşlere we özgertmelere eýe bolýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda her ýylyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip kabul edildi. Bu bolsa sebit we kontinent derejesinde ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Şu gün, noýabr aýynyň 24-ine “Bütindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli institutymyzda “Bitarap Türkmenistan bütindünýä durnukly ulag ulgamynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda institutymyzyň rektory, halypa mugallymlarymyz, beýleki ýokary okuw jaýlaryndan we dürli pudak edaralaryndan gelen myhmanlar çykyş etdiler. Ähli çykyşlar ulag-logistika ulgamynda durmuşa geçirilýän we meýilleşdirilýän işler barada ylmy esasly mazmuna eýe boldy. Çykyşlardan soň institutymyzyň talyplary Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Watanymyzy wasp edip, aýdym-sazly çykyşlar etdiler.
Dünýä ýüzünde mukaddes Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine, ýörelgelerine eýerip, türkmen halkyny bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy
kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragynyň eýesi.